Google resmi taýdan Pixel 10a-ny tanyşdyrdy, sargytlar 18-nji fewralda başlanýar

  • 06.02.2026 13:17
  • 1.4k+

Google resmi taýdan Pixel 10a smartfonyny tanyşdyrdy we deslapky sargytlaryň 2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda başlanjakdygyny yglan etdi. Enjamyň maslahat berilýän bahasy 499 dollar derejesinde galar.

​Täze önümiň esasy artykmaçlyklarynyň biri hem ýedi ýyl dowam etjek programma üpjünçilik täzelemesi bolar.
​Pixel 10a ekranynyň diagonaly 6,3 dýuým we täzelenme ýygylygy 120 Gs bolan AMOLED displeýli ykjam smartfondur. Operatiw ýady (RAM) 8 GB, içerki ýady bolsa 128 GB bolar. Smartfonyň öndürijiligine Tensor G4 prosessory jogap berýär, 5100 mAs göwrümli akkumulýator bolsa enjamyň uzak wagtlap işlemegini üpjün eder. Ölçegleri boýunça Pixel 10a Galaxy S25 bilen deňeşdirerlik derejededir, emma akkumulýatorynyň göwrümi hatda Galaxy S25 Ultra-dan hem uludyr.
​Esasy kamerasy 48 Mp durulygynda, ultra giň burçly linzaly moduly bolsa 13 megapikselli datçik bilen enjamlaşdyrylandyr. Öňdäki (selfi) kamerasy hem 13 Mp bolar.


11.06.2026 14:00
2.5k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.7k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....