Pepper seriýalaýyn öndürilen adam şekilli ilkinji robot hökmünde rekordlar kitabyna girdi

  • 05.02.2026 20:37
  • 1.7k+

Janly gatnaşyk arkaly adamlar bilen özara täsirleşmek maksatly işlenip düzülen Pepper özüniň döredilen wagtyndan – 2014-nji ýylyň 5-nji iýunyndan bäri  söwda merkezleri, mekdepler, garrylar öýleri ýaly  dürli jemgyýetçilik ýerlerinde ulanylyp ýör.
2-nji fewralda Ýaponiýanyň SoftBank Robotics kompaniýasy Pepper robotynyň Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan dünýäde seriýalaýyn öndürilýän ilkinji adampisint hyzmat ediş roboty hökmünde ykrar edendigini mälim etdi.
Şeýle-de SoftBank Robotics kompaniýasy Pepperiň  iň täze emeli aň tehnologiýalary esasynda has kämilleşdirilen görnüşi bolan Pepper+ robotyny hem hödürleýär. Bu robot adamlar bilen diňe bir gatnaşyk arkaly täsirleşmän, eýsem adaty satyjynyň işini we başarnygyny nusga edinip,  müşderileriň isleglerine laýyklykda harytlar boýunça maslahat bermek we teklip hödürlemek ýaly hyzmatlary hem amala aşyrýar. Robot özündäki kameralaryň kömegi bilen alyjylary tanaýar we olaryň geýnişlerine hem-de şahsy aýratynlyklaryna esaslanyp, her haýsynyň özüne görä aragatnaşyk guraýar. 
Bahalandyryş barada aýdylanda bolsa, Pepper+ robotyny uzak möhletleýin (ýyllyk) kärendesine almagyň bahasy aýda 79 800 iýene (aýda 515 dollara) deňdir. Gysga möhletleýin kärende şertlerinde Pepper+ aýda 150 000 iýene deň bolýar. Şertnama boýunça ilkinji tölegler aýrybaşga görnüşde alynýar.

 


20.06.2026 09:37
2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

17.06.2026 08:18
1.5k+

Aýy penjeli robot-it Arktikanyň buzluklaryny ilkinji gezek üstünlikli geçdi

Hytaýyň awtonom «Lynx S10» robotynyň üýtgedilen nusgasy Demirgazyk Buzly ummanynyň kyn şertlerinde synagdan üstünlikli geçdi. Bu synaglar robot ulgamlarynyň dünýäniň iň howply zolaklarynda polýar......

15.06.2026 12:29
1.3k+

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......

03.06.2026 10:42
1k+

Nvidia we Unitree ynsanpisint robotlar üçin nusgalyk platformany tanyşdyrdylar

Nvidia we Unitree kompaniýalary ynsanpisint robotlary we olaryň programma üpjünçiligini döredijiler üçin Isaac GR00T diýlip atlandyrylýan nusgalyk platformany tanyşdyrdylar....