Marokkoda güýçli ýagyş we derýa joşgunlary sebäpli müňlerçe adam ewakuasiýa edildi

  • 05.02.2026 18:47
  • 8.9k+

Marokkoda güýçli ýagyşlar we derýa joşgunlary halky howp astynda goýdy.  Häkimiýetler siliň gelmegi ähtimallygy zerarly ýurduň demirgazygyndaky Ksar-el-Kebir şäheriniň ýaşaýjylaryny köpçülikleýin ewakuasiýa edip başladylar.

Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, ýaşaýjylara kömek etmek üçin ýüzlerçe awtobus we howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleri çekildi. Takmynan 120 000 ilatly şäheriň köçelerinde eýýäm ýaşaýyş toplumlaryny suw basdy, etraplaryň bir bölegi bolsa elektrik üpjünçiliginden kesildi.
Güýçli ýagyşlar we Lukus derýasynyň joşmagy Lukkus sebitiniň peslik ýerleriniň suw astynda galmak howpuny has-da artdyrdy. Dekabr aýyndan bäri ýagan ygal geçen ýyl bilen deňeşdirilende 215% artdy we köp ýyllyk ortaça derejeden 54% ýokary boldy. Ýurduň demirgazyk-günbataryndaky aýry-aýry etraplaryň oba hojalyk ýerleri we ilatly nokatlary eýýäm suw astynda galdy.
Içeri işler ministrliginiň maglumatlaryna görä, Ksar-el-Kebirde uly ewakuasiýa işleri geçirilýär: ýaşaýjylaryň takmynan 85%-i, ýagny azyndan 108 432 adam eýýäm öýlerini terk etdi. Halas ediş çärelerinde dikuçarlary hem ulanýarlar.
Mundan ozal güýçli ýagyşlar Ispaniýanyň we Portugaliýanyň günortasyna hem täsir edipdi. Şol sebäpli Ispaniýada suw basmak howpy üçin ýokary taýýarlyk derejesi saklanyp galýar.


şu gün 07:41
5.7k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

şu gün 07:40
4.6k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

düýn 13:01
7.6k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
7.8k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....