Messi Dünýä çempionatyna taýýarlanmak üçin «Inter Maýamidäki» fiziki ýüküni azaldar

  • 05.02.2026 13:23
  • 10k+

Lionel Messi 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna iň kadaly ýagdaýda gatnaşmak hem-de şikes almak töwekgelçiligini azaltmak üçin «Inter Maýami» klubundaky türgenleşik maksatnamasyny düýpli üýtgetdi. «The Touchline» neşiriniň «X» ulgamynda habar bermegine görä, futbolçy üçin Argentinanyň milli ýygyndysynyň bähbitleri häzirki wagtda klub bähbitlerinden ýokarda durýar.

38 ýaşly hüjümçi ýaşy we fiziki ýagdaýy bilen baglylykda taýýarlyk meýilnamasyna birnäçe üýtgeşmeleri girizdi. Hususan-da, ol fiziki we tizlik agramly türgenleşikleri azaldyp, bedenini dikeltmek we dynç almak pursatlaryna has köp wagt sarp eder.
Messä haýsy türgenleşiklere gatnaşmalydygyny we haýsy oýunlarda meýdança çykmalydygyny özi kesgitlemäge doly ygtyýarlyk berildi.
Bu çäreleriň esasy maksady — futbolçynyň karýerasyndaky iň soňky «mundiala» (dünýä çempionatyna) gatnaşmagyna päsgel berip biljek şikesleriň öňüni almakdyr.
Klub ýolbaşçylygy bu "seresap" düzgünleriň Messiniň uzak möhletleýin durnuklylygyny saklamagyna ýardam etjekdigine ynanýar.
Messi mundan ozal 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň öz karýerasynda iň soňkusy boljakdygyny tassyklapdy.

Messi Argentina üçin 196 oýna çykyp, 115 gol geçirdi. Onuň hasabynda dünýä çempionlygy we iki sany Amerikanyň Kubogy bar.


düýn 16:49
5.3k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
5.5k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
7.2k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
4.4k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....