Samsung kamerasynyň we zumuň täze mümkinçiliklerini görkezdi. Ähtimal, bular Galaxy S26 modellerinde bolar

  • 05.02.2026 13:09
  • 5.1k+

​Samsung kompaniýasy Groove, Glow we Closer atly gysga wideolaryň tapgyryny neşir etdi. Resmi taýdan bu diňe tehnologiýalaryň görkezilişi bolsa-da, iş ýüzünde bu Galaxy-nyň geljekki neslinde ulanyjylara nämeleriň garaşýandygyna gytaklaýyn yşaratdyr. Kompaniýa gijeki wideo düşürişdäki kämilleşdirmeleri, ösen zumy we emeli aňyň mümkinçiliklerini görkezýär.

​Ähli wideolarda süýri blokda ýerleşen üç modully kamera görünýär. Şeýle dizaýn eýýäm Galaxy S26 we S26 Plus modelleriniň syzyp çykan suratlarynda hem peýda bolupdy. Galaxy S26 seriýasynyň resmi tanyşdyrylyşyna takmynan üç hepde galandygyny hasaba alanyňda, bu meňzeşlik gaty takyk görünýär. Samsung zatlary öz ady bilen tutman, gyzyklanmany artdyrmagy makul bilen bolara meňzeýär.
​Şol bir wagtyň özünde, geljekki täze önümleriň bahalary barada täze maglumatlar peýda boldy. Fransiýanyň söwda ulgamlaryndan syzyp çykan maglumatlara görä, täze flagmanlaryň bahalary şeýle bolar:

  • Galaxy S26 (256 GB) — 1000 ýewrodan;
  • Galaxy S26+ (256 GB) — 1270 ýewrodan;
  • Galaxy S26 Ultra (256 GB) — 1470 ýewrodan.

​Şol maglumatlara görä, Galaxy S26 Ultra-nyň iň ýokary wersiýasy 1970 ýewra düşer.
​Ähli seriýanyň resmi tanyşdyrylyşyna 25-nji fewralda garaşylýar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...