Disney kompaniýasynyň täze ýolbaşçysy Joş D’Amaro bolar

  • 04.02.2026 16:59
  • 2.8k+

The Walt Disney Company korporasiýasynyň täze baş direktory (CEO) wezipesine ozal kompaniýanyň dynç alyş seýilgähleri bölümine ýolbaşçylyk eden Joş D’Amaro belleniler. Bu barada kompaniýa özüniň resmi saýtynda habar berdi.
The Walt Disney Company-nyň müdirler geňeşiniň başlygy Jeýms Gorman korporasiýanyň geljekki ýolbaşçysynyň hünärmen häsiýetlerine ýokary baha berdi: «Joş D’Amaro ruhlandyryjy ýolbaşçylyk we täzeçillik ukybynyň seýrek utgaşygyna, strategik ösüş mümkinçiliklerine bolan ýiti duýgurlyga hem-de Disney brendine we onuň işgärlerine bolan çuňňur söýgä eýedir. Bu aýratynlyklaryň ählisi ony Disney-iň indiki baş direktory wezipesine tüýs mynasyp dalaşgär edýär».
D’Amaro 54 ýaşynda. Ol täze wezipä bellenilmezinden ozal Disney-iň tematik seýilgähler we kruiz gämileri bölümini dolandyrýardy. Ol kompaniýa 1998-nji ýylda geldi, ondan öň bolsa Gillette kompaniýasynda menejer bolup işledi. Disney-de işlän döwründe Kaliforniýadaky, Gonkongdaky we Floridadaky dynç alyş seýilgählerinde ýolbaşçy wezipelerini eýeledi.
Joş D’Amaro bu wezipede korporasiýany 15 ýyldan gowrak dolandyran Bob Aýgeri çalşar. Müdirler geňeşi iki sany dalaşgäri — D’Amarony we Disney-iň telewideniýe hem-de striming biznesine jogap berýän Dan Uoldeni gözden geçirdi.
Bob Aýger hem öz ornuny tutjak hünärmen barada pikirini aýdyp, D’Amarony «ajaýyp lider we biziň indiki baş direktorymyzyň wezipesi üçin iň laýyk gelýän dalaşgär» diýip häsiýetlendirdi.

 

 

 

 


06.06.2026 20:43
3.6k+

«Buz eýýamy» gaýdyp gelýär: Multfilmiň altynjy bölüminiň ilkinji tizeri çykdy

Disney kompaniýasy «Buz eýýamy: Gaýnama nokady» (Ледниковый период: Точка кипения) animasiýa filminiň ilkinji tizerini görkezdi. Multfilmiň premýerasy 2027-nji ýylyň 5-nji fewralyna meýilleşdirildi....

03.06.2026 22:59
2.6k+

Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" üçin aýdym ýazdy

Aýdymçy Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" animasiýa filmi üçin üýtgeşik kompozisiýa ýazdy. I Knew It, I Knew You atly aýdym 5-nji iýunda çykar we filmiň resmi saundtrekine goşular....

02.06.2026 17:31
1.4k+

Aşgabatda Disney we Pixar multfilmleriniň simfoniki hitleri ýaňlanar

20-nji iýunda Aşgabadyň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň «Disney&Pixar» atly konserti geçiriler....

20.05.2026 10:06
2.2k+

Disney ýüzi tanamak tehnologiýasy sebäpli köpçülikleýin şikaýat bilen ýüzbe-ýüz boldy

Disneyland we Disney California Adventure tematiki seýilgählerinde ýüzi tanamak ulgamynyň ulanylmagy sebäpli Disney kompaniýasynyň üstünden köpçülikleýin şikaýat arzasy berildi. Şikaýatçylar seýilgählere......