Trampyň adyny göterýän täze kriptowalýuta dörediler

  • 04.02.2026 12:43
  • 7.7k+

Truth Social sosial torunyň, Truth+ striming platformasynyň we Truth.F  finteh-brendiniň operatory bolan Trump Media and Technology Group (TMTG) kompaniýasy ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň adyny göterýän täze kriptowalýutany çykarar. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär.
Kompaniýanyň azyndan bir aksiýasyna eýe bolanlar bu tokenleri almak hukugyndan peýdalanyp bilerler. Şeýle-de, Trump Media ýylyň dowamynda hasaba alnan aksiýa eýelerine döwürleýin dürli sylaglary hödürlemegi meýilleşdirýär. Bulara kompaniýanyň önümleri bilen baglanyşykly ýeňillikler ýa-da arzanladyşlar, ýa bolmasa aýratyn ýokary derejeli çärelere gatnaşmak mümkinçiligi girip biler.
Kriptowalýutanyň çykarylyşy, paýlanylyşy we tokenleriň geçiriliş tertibi baradaky goşmaça maglumatlar biraz soňra mälim ediler.
«Trump Media-nyň aksiýa eýelerine berlen sanly tokenler Trump Media-daky ýa-da başga bir guramadaky paýy aňlatmaýar. Şonuň üçin token eýeleri beýleki şahslaryň esasy dolandyryş tagallalaryndan gelýän peýdany öz içine alýan sylaglara tamakin bolmaly däldir» diýip, TMTG düşündiriş berdi.

 


02.06.2026 12:03
11k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.2k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

30.04.2026 07:20
2.2k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......

30.03.2026 09:59
11k+

Milliarderleriň iň köp doglan şäheri yglan edildi

Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri......