Uelsde adam-garasyz adada ýaşajaklara iş hödürlenýär: bar etmelisi – guş sanamaly

  • 04.02.2026 12:04
  • 10k+

Uelsiň Skomer adasynda mugt ýaşamak hödürlenilýär. Teklibe razy bolan adamlar esasan deňiz guşlarynyň, şol sanda seýrek duş gelýän Fratercula arctica guşlarynyň sanawyny ýöretmeli diýip, Bi-bi-si habar berýär.
Maksatnamany Günorta we Günbatar Uelsiň ýabany tebigat gaznasy (WTSWW) guraýar. Gazna Beýik Britaniýanyň içindäki syýahat çykdajylaryny töleýär, ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edýär we 200-den 400 funt sterlinge çenli (275 – 550 dollar) iş hakyny berýär.
Saýlanyp alnan meýletinçiler adada ýazyň, tomsuň ýa-da güýzüň dowamynda birnäçe aýlap ýaşap bilerler. Olaryň wezipesi — Gyzyl kitaba girizilen guşlary sanamakdan ybarat. 
«Ada birnäçe bölekden durýar, Gün batmazdan takmynan iki sagat öň olara aýlanyp görmeli» diýip, adanyň işgäri Rob Nott iş tertibini düşündirýär. Onuň aýtmagyna görä, işgärler aýlanyp,  kliker-hasaplaýjylarynyň kömegi bilen ýerdäki, deňizdäki we howadaky guşlaryň hemmesini sanap çykýarlar.
Geçen ýyl Skomerde rekord derejede — 43 626 sany Fratercula guşlary sanaldy. Ekologlar munuň sebäbini iýmitiň bolçulygy we ýyrtyjylaryň ýoklugy bilen düşündirýärler.
Meýletinçiler guşlaryň bu görnüşinde başga-da, uly göwrümli deňiz guşlary bolan burewestnikleri,  gagarkalary, kaýralary we demirgazyk düwlenlerini sanaýarlar.
«Ýazyna esasy üns höwürtge gurýan deňiz guşlarymyza berilýär. Tomusda esasy üns jüýjeleriň öndürijiligine gönükdirilýär, güýzüne bolsa işimiz çal düwlenleri we käbir beýleki görnüşleri, şol sanda Skomer okislerini, süýrenijileri, kit görnüşlileri we gijeki kebelekleri gözegçilikde saklamakda jemlenýär» — diýlip, wezipäň beýanynda aýdylýar.
Şeýle-de, meýletinçiler adanyň gündelik işlerine kömek etmeli we bu ada gelýän syýahatçylary garşylamaly. Skomer ýylda 25 müňe golaý myhmany kabul edýär, emma adanyň hemişelik ýaşaýjysy ýok. Bu ýerde dükanlaryň hem ýokdugy sebäpli meýletinçiler iýmitlerini we gerek-ýarak zatlaryny öz ýanlary bilen getirmeli bolýarlar.


02.04.2026 15:27
3.3k+

Dünýäniň iň meşhur muzeýleri mälim edildi: Luwr enteg-ä eýgerdenok

Parižiň Luwr muzeýi 2025-nji ýylda dünýäniň iň gelim-gidimli muzeýi adyny saklap galdy. Muny «The Art Newspaper» neşiriniň geçiren barlaglarynyň maglumatlary delillendirýär....

31.03.2026 13:58
3.3k+

Parižiň «Disneyland» seýilgähinde Elzanyň buzly köşgi bilen Erendell şäheri guruldy

Parižiň «Disneyland» seýilgähinde 2 milliard ýewrolyk giň gerimli üýtgedip gurmak işleriniň bir bölegi bolan «Doňan ýüregiň dünýäsi» atly täze tematik zolak açyldy. Bu barada «Associated Press» agentligi habar......

26.03.2026 13:56
1.6k+

Britaniýa syýahatçylyk we talyp wizalarynyň bahasyny galdyrar

2026-njy ýylyň 8-nji aprelinden başlap, Beýik Britaniýa ýurda girmek üçin zerur bolan wizalaryň köpüsi üçin tölegleri ýokarlandyrar. Bu barada Birleşen Korollygyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasynda......

21.03.2026 07:40
1.7k+

Aşgabatda aprel aýynda «Turkmentravel – 2026» syýahatçylyk sergisi we maslahaty geçiriler

Anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde seredilen esasy meseleleriň biri «Turkmentravel – 2026» halkara syýahatçylyk sergisine we maslahatyna görülýän taýýarlyk boldy. Çäreleri şu ýylyň aprel aýynda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi...