Google ruldaky düwmeleriň işini bozan Android Auto näsazlygyny düzetdi

  • şu gün 08:58
  • 295

Google kompaniýasy Android Auto 16.1 täzelenmesini ulanyşa goýberip başlady. Bu täze programma üpjünçiligi ulgama uly funksiýalary goşmasa-da, köp sanly ulanyjylaryň närazylygyna sebäp bolan çynlakaý tehniki näsazlygy çözýär.

Mundan öňki Android Auto 16 wersiýasynda Spotify we YouTube Music ýaly media programmalary üçin aýdymyň dowamlylygyny görkezýän täze «tolkunly çyzyk» görnüşindäki indikator girizilipdi. Emma bu dizaýn üýtgeşmesi garaşylmadyk netijelere getirdi. Awtoulagyň rulundaky aýdymlary çalyşýan ýa-da saklaýan (play/pause/next) düwmeler işlemegini bes etdi.
Internetde ulanyjylar tarapyndan köp sanly şikaýatlar peýda boldy we mesele diňe programmanyň köne wersiýasyna gaýdylyp gelnen ýagdaýynda çözülýärdi.
Täze 16.1 wersiýasynda Google bu dizaýn synanyşygyndan ýüz öwürdi. Aýdymyň dowamlylygyny görkezýän indikator öňki, adaty görnüşine gaýtaryldy. Ruldaky düwmeleriň funksiýalary doly dikeldildi we indi ähli elementler dogry işleýär.
Täzelenme dünýä boýunça tapgyrlaýyn ýaýradylýar, şonuň üçin ol ähli ulanyjylar üçin dürli wagtlarda elýeterli bolar.


18.07.2025 12:31
2.2k+

Hyundai öz awtoulaglarynyň nawigasiýasyna Google Places hyzmatyny ornaşdyrdy

Hyundai ccNC multimediýa ulgamyna Google Places hyzmatyny birleşdirdi. Täzelenme häzirki wagtda Konany hem öz içine almak bilen, Santa Fe-niň we Tucson-nyň täze nesilleri, şeýle hem Ioniq 5, Ioniq 5 N we geljekki Ioniq 9 ýaly iň täze programma üpjünçiligi bolan modeller üçin elýeterlidir...

02.03.2023 10:32
12k+

Xiaomi Google bilen bilelikde awtoulaglary telefondan açyp-ýapýan sanly açaryň üstünde işleýär

Xiaomi we Google hyzmatdaşlygynyň indiki tapgyryny yglan etdiler. Täze bilelikdäki taslama awtoulag eýelerine smartfon ulanyp awtoulaglaryny aňsatlyk bilen açmaga mümkinçilik berer. Bu habar Xiaomi 13 Lite, Xiaomi...

26.10.2021 17:32
6.3k+

IT kompaniýalarynyň iň täsin awtoulaglarynyň sanawy çap edildi

SpeedMe awtoulag portalynyň hünärmenleri iri IT kompaniýalary tarapyndan işlenip düzülen iň täsin awtoulaglaryň sanawyny çap etdiler. Bu barada discover24.ru habar berdi. Bu reýtinge Germaniýanyň “Siemens” kompaniýasynyň...

şu gün 08:44
646

1,2 milliondan gowrak Ford F-150 howply näsazlyk sebäpli yzyna çagyrylyp bilner

ABŞ-nyň Ýollarda hereketiň howpsuzlygy baradaky milli dolandyryş edarasy (NHTSA) 2015-nji we 2017-nji ýyllar aralygynda öndürilen Ford F-150 pikaplarynyň tehniki ýagdaýy boýunça barlag işlerine başlady. Bu barlag takmynan 1,27 million awtoulaga degişlidir...