N'Golo Kanteniň «Fenerbahçä» transferi resminama alşylanda ýalňyşlyk sebäpli ýatyryldy

  • 03.02.2026 19:59
  • 5.3k+

Ýarym goragçy N'Golo Kanteniň ​«Al-Ittihad» saud klubundan Türkiýäniň «Fenerbahçe» toparyna amala aşyrylmaly  transferi tehniki näsazlyk sebäpli ýatyryldy. Stambul klubunyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, transferiň bökdenmegi taraplaryň arasynda resminama çalşygy mahalynda ýüze çykdy.

​«Fenerbahçe» resmi beýanat ýaýradyp, aslynda saud klubuny ulgama maglumatlary nädogry girizendigi sebäpli geleňsizlikde günäkärledi. Netijede, geleşigi gyşky transfer penjiresi ýapylýança resmileşdirip ýetişmediler.
​Klublar futbolçy çalşygyny amala aşyrmagy meýilleşdiripdiler, onuň çäginde Ýussef En-Nesiri «Al-Ittihadyň» düzümine goşulmalydy. Taraplar ylalaşyga gelipdiler, oýunçylar lukmançylyk barlagyndan geçipdiler we eýýäm toparlaryndaky hyzmatdaşlary bilen hoşlaşypdydylar, emma hasaba alyş bellenen möhletlerde tassyklanmady.
​Türk tarapynyň wekilleri resminamalary resmileşdirmegiň möhletini uzaltmak haýyşy bilen FIFA ýüz tutdular. Emma «Fenerbahçe» Saud Arabystanyndan bolan hyzmatdaşlarynyň bu amaly tamamlamak üçin zerur ädimleri ätmändiklerini we munuň bilen bagly resmi düşündiriş bermändiklerini belledi. Netijede, Kante «Al-Ittihadyň» ygtyýarynda galýar.

​«Biz bu amalyň tarapdarlarymyzda döreden lapykeçligine düşünýäris we ony paýlaşýarys. Klubumyz sport maksatlaryna laýyklykda düzümi täzelemek ugrundaky işlerini şol bir tutanýerlilik we tertip-düzgün bilen dowam etdirýär», — diýlip «Fenerbahçeniň» beýanatynda aýdylýar.

Belläp geçsek, türk kluby heniz hem transferleri amala aşyryp biler, sebäbi Türkiýede penjire 6-njy fewralda ýapylýar, emma «Al-Ittihadda» indi beýle mümkinçilik ýok. Saud Arabystanynda iň soňky möhlet 2-nji fewralda doldy.


düýn 16:49
7.1k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
7.4k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
8.5k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
5.2k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....