Grammy–2026: esasy baýraklar Bad Bunny bilen Billi Aýlişde, Kendrik Lamar – iň köp baýrakly repçi

  • 02.02.2026 11:48
  • 2k+

Los-Anjelesde saz äleminiň iň uly sylaglarynyň biri hasaplanýan «Grammy Awards» baýragynyň 68-nji gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu ýylyň iň esasy baýraklaryna Bad Bunny we Billi Aýliş mynasyp boldy.
Gazanylan baýraklaryň sany boýunça Kendrik Lamar (5 baýrak) bilen Bad Bunny (4) öňe saýlandy.
«Uly dörtlügiň» ýeňijileri:

  • Ýylyň albomy — «DeBÍ TiRAR MáS FOToS», Bad Bunny
  • Ýylyň ýazgysy — «luther», Kendrik Lamar we SZA
  • Ýylyň aýdymy — «WILDFLOWER», Billi Aýliş (awtorlary — Billi Aýliş we Finneas O’Konnell)
  • Iň gowy täze artist — Oliwiýa Din

Kendrik Lamar rep boýunça ähli nominasiýalarda ýeňiş gazanyp, «Grammy» baýragynyň taryhynda iň köp sylaglanan repçi boldy:

  • Iň gowy rep albomy — «GNX»
  • Iň gowy rep ýerine ýetirilişi — «Chains & Whips»
  • Iň gowy owazly rep ýerine ýetirilişi — «luther»
  • Iň gowy rep aýdymy — «tv off»

Häzirki wagtda onuň hasabynda 26 sany «Grammy» bar. Mundan ozalky rekord 25 baýrak bilen Jay-Z-ä degişlidi.

Beýleki ýeňijiler:

  • Ledi Gaga — iň gowy pop-wokal albomy («MAYHEM»), iň gowy tans pop-ýazgysy («Abracadabra»)
  • Lola Ýang — iň gowy pop-solo («Messy»)
  • Sintiýa Eriwo we Ariana Grande — iň gowy duet/topar pop-ýerine ýetirilişi («Defying Gravity»)
  • The Cure — iň gowy alternatiw albom («Songs of a Lost World»)
  • Kris Steplton — iň gowy kantri-solo («Bad As I Used To Be»)
  • Tame Impala — iň gowy tans/elektron ýazgy («End Of Summer»)
  • Turnstile — iň gowy rok-albom («NEVER ENOUGH»)
  • Turnstile — iň gowy metal ýerine ýetirilişi («BIRDS»)
  • Kris Steplton — iň gowy kantri-solo («Bad As I Used To Be»)
  • Jelli Roll — iň gowy kantri-albom («Beautifully Broken»)
  • Bad Bunny — iň gowy Música Urbana albomy we iň gowy global saz ýerine ýetirilişi («EoO»)
     

08.06.2026 16:29
4k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....

06.06.2026 14:40
2.6k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

06.06.2026 07:56
2.3k+

«Metallica» rok topary Gyzyl Haç jemgyýetine 10 müňe golaý donor toplap berdi

«Metallica» toparynyň Germaniýada geçiren konsertleriniň dowamynda «Nemes Gyzyl Haç» jemgyýeti bilen bilelikde guralan gan tabşyrmak çäresine 10 müňe golaý adam gatnaşdy....

04.06.2026 17:17
6k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......