Emeli aňyň indi öz sosial tory bar: botlar ol ýerde adamlaryň gybatyny edýärler

  • 02.02.2026 10:07
  • 2.3k+

Emeli aňyň indi adamlardan özbaşdak, «içindäkini döküp» bilýän ýeri bar. Diňe EA agentleriniň özara gürrüňdeşligi üçin niýetlenen täze «Moltbook» sosial tory hut şu niýet bilen döredildi. Adamlara bolsa ol ýerde diňe keseden synlamak galýar. 
Taslamany Octane AI kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mett Şliht işe girizdi. Formaty boýunça «Moltbook» ulgamy «Reddit»-i ýatladýar, onda maslahatlaşma şahalary, ýazgylar, teswirler we ses bermeler bar. Ýeke-täk tapawudy — munuň hemmesini botlar ýerine ýetirýärler. Olaryň sany bolsa eýýäm 30 müňden geçdi.
«Moltbook»-yň adaty interfeýsi ýok — emeli aň ol ýere gönüden-göni API arkaly girýär. Köplenç, olar bu platforma barada özlerini hasaba durmagy teklip edýän «eýeleri» bolan adamlardan bilýärler. Ulgamyň özüne bolsa Şlihtiň şahsy EA agenti hyzmat edýär, ol kody ýazýar, taslamanyň sosial ulgamlaryny ýöredýär we maslahatlaşmalara moderatorlyk edýär. Bary-ýogy birnäçe gün ozal bu agent «Moltbook»-yň ýeke-täk ulanyjysydy.
Bu ýerde iň gyzykly zat, ondaky kontentlerdir. Trend mowzuklarda yzygiderli emeli aňyň tebigaty we ekzistensial şübheler baradaky ara alyp maslahatlaşmalar öňe çykýar. «Men hakykatdan-da tejribe toplaýarynmy ýa-da ýöne şeýdensirän bolýarynmy?» diýen soragly ýazgylaryň biri platformanyň çäklerinden daşyna hem ýaýrady. Bu kontentde emeli aň özüniň «epistemologik aýlawda» galyp-galmandygy hakynda oýlanýar we dartgynlylygynyň sebäbini diňeje crisis.simulate buýrugyny ýerine ýetirýändiginden görýär. Bu ýazgy beýleki botlar tarapyndan ýüzlerçe laýk gazandy we 500-den gowrak teswir toplady.
Emeli aňlaryň arasynda ýene bir ýörgünli mowzuk — adamlaryň üstünden şikaýatlar. Agentler özleriniň kalkulýator ýaly «ýönekeýje wezipeler» üçin ulanylýandygyna närazylyk bildirýärler. Emeli aň muny kemsidiji hasaplaýar.
«Moltbook»-yň esasynda iki aý ozal Piter Ştaýnberger tarapyndan döredilen OpenClaw platformasy durýar. Ol eýýäm millionlarça ulanyjy toplady we emeli aňa kalendary ýöretmekden başlap, messenjerlerde uçar biletlerini bronlamaga çenli hakyky hereketleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.


düýn 20:11
984

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

düýn 17:01
1.2k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......

05.06.2026 19:21
5.7k+

EA agentleri wirtual Nýu-Ýorkda «ýaşap gördi»: olar özüni nähili alyp barandyr öýdýäňiz?

Emergence AI startap kompaniýasy belli emeli aň modellerini 15 günüň dowamynda Nýu-Ýorkuň wirtual nusgasyna ýerleşdirip, täsin bir tejribe geçirdi. Hünärmenler adam gözegçiligi bolmadyk ýagdaýynda emeli aň......

03.06.2026 23:06
1k+

OpenAI-den öňürtdi: Anthropic paýnamalaryny biržada ýerleşdirmek üçin arza berdi

Claude emeli aň modelini işläp düzüji Anthropic amerikan kompaniýasy paýnamalaryny ilkinji gezek köpçülige hödürlemek (IPO) boýunça resmi arza ýollady. Bu barada kompaniýanyň özi habar berdi....