Spotify 2025-nji ýylda sazandalara rekord 11 milliard dollar töleg töledi

  • 02.02.2026 01:40
  • 1k+

Spotify striming hyzmaty 2025-nji ýylyň jemi boýunça sazandalara we awtorlyk hukugynyň eýelerine 11 mlrd dollardan gowrak töledi diýlip, kompaniýanyň resmi beýanynda habar berilýär. Bu görkeziji platforma üçin rekord bolup, geçen ýylky netijeden, takmynan, 1 mlrd dollar köpdür.
Hyzmatyň berýän maglumatlaryna görä, görkezilen mukdar tutuş aýdym-saz pudagynyň umumy girdejisiniň, takmynan, 30%-ini emele getirýär. Bu möçbere petekleriň, ýadygärlik sowgatlaryň satuwyndan, podkastlardan we audiokitaplardan gelýän girdejiler girmeýär. Serişdeler göni hukuk eýelerine: ses ýazýan leýbllere, aýdym-saz çykaryjylara we distribýutorlara berilýär. Spotify artistleriň alýan ahyrky girdejisiniň hususy şertnamalara baglydygyny belleýär: iri leýbllerde ýerine ýetirijiler üçin töleg, takmynan, 15% bolsa, garaşsyz guramalar 50% we ondan hem ýokary mukdary hödürleýär.
Awtorlaryň girdejilerini goramak üçin platforma spam-kontentlere we kezzaplyklara garşy göreş gurallaryny girizmegi meýilleşdirýär.
«Betniýetli şahslar hakyky ýerine ýetirijileriň girdejisini ogurlamak maksady bilen, striming hyzmatlaryny pes hilli "zibiller" bilen doldurmak üçin emeli aňy ulanýar» diýlip, Spotify-yň habarynda aýdylýar. Şeýle kezzaplyk bilen göreşmek üçin hyzmat werifikasiýa ulgamyny täzelemek isleýär.


düýn 21:09
611

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

19.06.2026 19:18
3.6k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

08.06.2026 16:29
4.1k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....