2900 dollarlyk Samsung Galaxy Z TriFold-yň ilkinji toplumy ABŞ-da 20 minutyň içinde satylyp gutardy

  • 01.02.2026 22:25
  • 5.1k+

Üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonynyň ilkinji toplumy ABŞ-da bary-ýogy 20 minutyň içinde doly satylyp gutardy. Täze önüm şu hepdede resmi onlaýn dükanda we Samsung Experience firma nokatlarynda satuwa çykdy.
Smartfonyň amerikan bazaryndaky bahasy 2900 dollara barabar bolup, bu Galaxy Z Fold7 modeliniň bahasyndan 1000 dollar gymmatdyr. Gajet diňe gara Crafted Black reňkinde we 512 GB fleş-ýat bilen elýeterlidir.
Öndüriji satylan smartfonlaryň anyk sanyny görkezmeýär. Deslapky çaklamalara görä, toplumyň möçberi, ýakynda modeliň Günorta Koreýadaky satuwynda bolşy ýaly, çäkli bolmaly.


23.05.2026 10:37
4.3k+

Apple iPhone 18 Pro-nyň displeýleriniň önümçiligini Samsung bilen LG-ä ynanar

Apple kompaniýasy iPhone 18 Pro hatary üçin üpjünçilik zynjyryny jemlemegiň üstünde işleýär. Pudaklaýyn çeşmeleriň maglumatyna görä, kompaniýa şu aýyň dowamynda iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max modelleri......

21.05.2026 16:26
1.5k+

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......

18.05.2026 01:22
2.7k+

Samsung kompaniýasynyň täzeligi: geljekki smartfonlar gologrammalary äýneksiz görkezip bilerler

Samsung smartfonlar üçin golografik displeý tehnologiýasy boýunça içerki barlaglary geçirýär, bu tehnologiýa ulanyjylara ýörite äýnekleri ulanmazdan, üç ölçegli suratlary görmäge mümkinçilik berer....

15.05.2026 15:33
1.6k+

Samsung smartfonlarynda push-mahabatlary akylly usulda bloklaýan ulgam ornaşdyryldy

Samsung kompaniýasy Device Care goşundysyny täzeledi we oňa push-bildirişlerindäki spam hem-de mahabatlar bilen awtomatiki göreşmek üçin niýetlenen "Intelligent Blocking" funksiýasyny goşdy....