Dubaý «20 minutlyk şäher» konsepsiýasyny ornaşdyrýar

  • 01.02.2026 16:31
  • 5.1k+

Dubaýda Emirligi ösdürmegiň «20 minutlyk şäher» konsepsiýasynyň we ýene-de iki sany strategik başlangyjynyň amala aşyrylmagy tassyklanyldy. «Dubai10X» maksatnamasynyň çägindäki degişli taslamalary Dubaýyň mirasdüşer şazadasy, BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary we Goranmak ministri şeýh Hamdan ben Mohammed Al Maktum makullady.
«20 minutlyk şäher» konsepsiýasy ýaşaýjylara esasy hyzmatlaryň 80%-ine çenli bölegini pyýada ýa-da ekologik ulaglarda aňrujy 20 minutda elýeterlik çäginde almaga mümkinçilik berer.
Synag zolagy ýol howpsuzlygy boýunça çäreleri, saýaly ýaşyl meýdançalary döretmegi we çeýe ulag ýodalaryny ornaşdyrmagy öz içine alar. Al Barşa 2 raýonynda bu boýunça işlere eýýäm badalga hem berildi.
Makullanylan ikinji taslama - keselleri, hususan-da süýji keselini irki döwürde anyklamaga gönükdirilendir. Ol «Canadian Specialist Hospital», «Aster Clinics» we «King’s College Hospital London» ýaly edaralaryň gatnaşmagynda amala aşyrylar.
Üçünji başlangyç bolsa, uçar gatnawlaryna ýolagçylary hasaba almagyň tutuş şäher boýunça ulgamyny we ýolagçylary göni aeroportyň uçuş zolagyna eltmegi ýola goýýar.
Şeýh Hamdan döwlet dolandyryşynyň netijeliligini çaltlandyrmagyň Dubaýyň geljekki strategiýasynyň esasy bölegidigini nygtady.


26.05.2026 15:18
1.9k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....

20.05.2026 11:29
6.9k+

Dubaýda diňe zenanlara niýetlenen gije-gündizlik ilkinji kenar açyldy

Dubaýda diňe aýal-gyzlar üçin niýetlenen, gije-gündiz işleýän we gije suwa düşmäge mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji hususy kenarýaka açyldy....

18.05.2026 11:22
8k+

20 müň tomaşaça niýetlenen: Abu Dabi ilkinji bolup ABŞ-nyň çäginden daşarda sfera binasyny gurýar

Abu Dabide ABŞ-nyň çäginden daşardaky ilkinji sfera binasy – «Sphere Abu Dhabi» atly täsin we doly derejeli göwün açyş toplumynyň gurluşygy yglan edildi....

22.04.2026 17:36
5.2k+

Dubaýda aerotaksi üçin ilkinji täjirçilik wertiport açyldy

Dubaýda dünýäde ilkinji gezek aerotaksiler üçin niýetlenen täjirçilik wertiporty (wertikal uçuş we gonuş duralgasy) açyldy. Bu desga halkara howa menziliniň çäginde ýerleşýär we dikligine uçýan hem-de gonýan......