Howa arkaly 120 Gbit/s: alymlar örän çalt işleýän simsiz maglumat ugradyş ulgamyny döretdiler

  • 30.01.2026 03:15
  • 2.6k+

Irwaýndaky Kaliforniýa uniwersitetiniň (UC Irvine) barlagçylary maglumatlary sekuntda 120 Gbit (takmynan sekuntda 15 gigabaýt) tizlikde geçirmäge ukyply simsiz kabul ediji-geçirijini işläp düzdüler.
Deňeşdirmek üçin: «Wi-Fi 7» ulgamynyň nazary taýdan iň ýokary çägi 30 Gbit/s töweregi, «5G mmWave» aragatnaşyk ulgamynyňky bolsa 5 Gbit/s çenli ýetýär. 
UC Irvine News neşiriniň habar bermegine görä, bu tizlik maglumat merkezlerindäki we täjirçilik torlaryndaky optiki-süýümli kabelleriň geçirijilik ukyby (takmynan 100 Gbit/s) bilen bäsleşip bilýär.
Ylmy işiň esasy awtory Szisun Wan düzgünleşdiriji edaralaryň we 6G standartlaryny işläp düzýän hünärmenleriň 100 GGs-den ýokary diapazony aragatnaşygy ösdürmegiň indiki ädimi hökmünde görýändiklerini belledi. Sanly-analog öwrüjileri (SAÖ) ulanýan adaty ugrudyjylar şeýle tizliklerde has çylşyrymly bolýarlar we energiýany aşa köp sarp edýärler.
«UC Irvine topary özara sazlaşykly işleýän üç sany kömekçi geçirijini ulandy. Bu bolsa energiýa sarp edilişini 230 milliwatta çenli peseltmäge mümkinçilik berdi. Deňeşdirmek üçin, sekuntda 120 Gbit tizlikde işleýän adaty SAÖ-ler birnäçe watt energiýa sarp edýärler, bu bolsa smartfonlar we mobil enjamlar üçin örän köp hasaplanýar.
Nano-aragatnaşyk integral shemalary barlaghanasynyň ýolbaşçysy Paýam Heýdari energiýa köp sarp edýän sanly çözgütleriň deregine analog hasaplamalarynyň ulanylmagynyň netijeliligi ýokarlandyrýandygyny nygtady. Täze çip 22 nanometrlik FD-SOI tehnologiýasy arkaly taýýarlandy. Bu usul «TSMC» we «Samsung» ýaly öňdebaryjy kompaniýalaryň tehnologiýalaryndan has ýönekeý we arzan bolup, täze açyşyň giňden ornaşdyrylmagyna mümkinçilik berýär.
Işläp düzüjiler bu tehnologiýanyň geljekde maglumat merkezlerindäki ençeme kilometr kabelleriniň ornuny tutup, düzümleýin çykdajylary we hyzmat ediş çykdajylaryny ep-esli azaldyp biljekdigine ynanýarlar.


düýn 23:48
564

Microsoft täze we örän gymmat Surface planşetlerini we noutbuklaryny hödürledi

Microsoft kompaniýasy korporatiw alyjylar üçin niýetlenen, Intel-iň täze Panther Lake prosessorlary bilen üpjün edilen täze Surface Pro 12 planşetlerini we Surface Laptop 8 noutbuklaryny hödürledi....

düýn 16:26
1.1k+

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......

düýn 11:13
1.7k+

Honor smartfon üçin goşmaça ekran döretdi: ony aýryp, aýratyn göterip bolýar

25-nji maýda Honor kompaniýasy Honor 600 hatarynyň hytaý wersiýasyny resmi taýdan hödürlär we ol, maglumatlara görä, smartfonyň global wersiýasyndan düýpli tapawutlanýar. Onuň esasy aýratynlyklarynyň biri......

düýn 09:37
731

Eliň bilen ýasa: Singapurda adampisint roboty ýygnamak üçin ýörite toplum çykaryldy

Singapuryň Menlo Research kompaniýasy açyk kodly adampisint roboty el bilen gurnamak üçin niýetlenen «Asimov» atly täze toplumy tanyşdyrdy. Tehnologik toplumyň bahasy takmynan 15 müň dollara barabar....