2 ýaşda 2 rekord: Mançesterli oglanjyk snuker boýunça Ginnesiň iki rekordynyň eýesi boldy

  • 29.01.2026 15:25
  • 9.9k+

Mançesterli iki ýaşly oglanjyk Jud Ouens bilýardyň snuker oýnunda iki sany çylşyrymly urgyny ýerine ýetiren iň ýaş adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.
2025-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Jud «pool» urgusyndan soňra topy yzyna bökdürmek (bounce shot) tärini üstünlikli ýerine ýetirdi. Ondan bary ýogy bäş hepde öň, ýagny 2 ýaş 261 günlük wagty, oglanjyk «duplet» (toplaryň biri-birine degip meýilnamalaşdyrylan gaba düşmegi) urgusyny amala aşyrypdyr. Bu görkezijiler oňa resmi taýdan hasaba alnan iki rekordy we neşiriň bütin taryhynda iň ýaş «goşa rekord eýesi» diýen ady getirdi.
Kiçijek Juduň şeýle ukybynyň bolmagyna snuker oýnuna höwesjeň kakasy Lýuk Ouens sebäp bolupdyr. Kakasy oglunyň täsin rekordy hakda: «Ol başdan kiýi (bilýard taýagyny) ynamly tutdy, soňam göwnübir ýaly taýagy barmaklarynyň arasyna gysdyrdy-da, hemme zat öz-özünden ýöredi gidiberdi» diýip gürrüň berýär.
Boýunyň kiçiligi sebäpli, oglanjyk oýnan mahaly ilki uzyn oturgyçlary ulanan bolsalar, indi ol aşhana taburetkasyndan peýdalanýar. «Bu ýaşda bir däl, eýsem iki sany dünýä rekordyna ýetmek — bu, ähtimal, iň ýokary ýeňişdir. Mundan artyk näme bolup biler?!» diýip, Lýuk Ouens buýsanç bilen gürleýär.
Ginnesiň rekordlar kitabynyň habar bermegine görä, Jud eýýäm Beýik Britaniýa çempionatyna ýörite çakylyk aldy we snukeriň taryhynda hemaýatkärlik şertnamasyny baglaşan iň ýaş türgen boldy.
«Men snuker oýnap başlanymda 10 ýaşymdadym. Jud bolsa 2 ýaşynda oýnap başlady. Görüp otursam, onuň ukyby meniňkiden ýiti» diýip, kakasy boýun alýar. Ikisi bäsleşse kimiň ýeňjegi baradaky soraga bolsa, Jud ynam bilen: «Men!» diýip jogap berýär.

 


21.06.2026 21:03
2.1k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 14:15
7.9k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

02.06.2026 17:37
5.2k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....