Ady — Nowruz: Gazagystanda arynyň täze görnüşi tapyldy

  • 29.01.2026 10:15
  • 3.4k+

Nemes entomologlary Gazagystanyň günorta-gündogarynda arynyň täze görnüşini tapdylar. Ol mundan ozal Merkezi Aziýada, Eýranda, Ysraýylda we Ýakyn Gündogaryň birnäçe ýurdunda duş gelýän sekiz görnüşi bilen tanalýan Planiandrena aşaky jynsynyň dokuzynjy wekili boldy.
Ary 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Almata oblastynyň Tamgaly obasyndan takmynan bäş kilometr demirgazyk-günbatarda, sähra zolagyndan tapyldy. Tapylan senesi Nowruz baýramynyň başlangyjyna gabat gelýändigi sebäpli, arynyň bu görnüşine aequinoctialis (latynça manysy «gije-gündiziň deňleşmegi») diýlip at berildi.
Ylmy makalanyň awtorlary: «Bu tapyndi pes temperaturalary we salkyn gülleri gowy görýändigi bilen tanalýan Andrena jynsynyň köpdürlüligini doly häsiýetlendirmek üçin, Merkezi Aziýa sebitlerinde irki gözlegleri geçirmegiň zerurdygyny subut edýär» diýip bellediler.

Ary sährada bahar paslynda köpçülikleýin gülleýän leýligüller maşgalasyna degişli Gagea bulbifera ösümliginiň üstünden ýygnaldy. Täze görnüşiň urkaçysynyň göwresi hut şu ösümligiň tozany bilen örtülendi. Alymlaryň bellemegine görä, Merkezi Aziýadaky Planiandrena görnüşleri köplenç ir gülleýän sogan we kök sapakly ösümlikler bilen baglanyşyklydyr, olaryň Ýakyn Gündogardaky kowumdaşlary bolsa agaçlaryň üstünde has köp duş gelýärler.
Mundan ozal sebitdäki andrenalar boýunça esasy hünärmen alym Anna Osyşnýuk bolupdy. Ol 1980-nji ýyllarda hut Gazagystandan, Özbegistandan we Türkmenistandan alnan maglumatlaryň esasynda Planiandrena aşaky jynsyny ylmy taýdan bölüp görkezipdi.
Andrena jynsy dünýäde arylaryň arasynda sany boýunça ikinji orunda durýar — onuň 1700-den gowrak görnüşi bar. Merkezi Aziýadaky bu arylaryň faunasy entek doly öwrenilmedi we täze görnüşleriň tapylmagy dowam edýär.
Täze görnüşiň ylmy beýany Tomas Wud we Ýan Şmerbah tarapyndan ýöriteleşdirilen ylmy entomologiýa žurnalynda çap edildi.


düýn 20:16
1.2k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

düýn 10:03
11k+

Hazar deňzine 2,5 ýylyň dowamynda 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi

Soňky iki ýarym ýylyň dowamynda Hazar deňzine jemi 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi. Bu barada Gazagystanyň Suw serişdeleri we suwaryş ministri Nuržan Nuržigitowa salgylanýan Zakon.kz portaly......

05.06.2026 00:08
7.6k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......

04.06.2026 18:42
5k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......