Samsung Galaxy S21, S21+ we S21 Ultra megerem, soňky howpsuzlyk täzelenmesini aldy

  • 29.01.2026 09:59
  • 3.9k+

Samsung kompaniýasy Galaxy S21 seriýasy üçin 2026-njy ýylyň ýanwar aýyndaky howpsuzlyk täzelenmesini ýaýratmaga başlady. Bu täzelenme, öň yglan edilen goldawyň çäginde Galaxy S21, Galaxy S21+ we Galaxy S21 Ultra modelleri üçin iň soňky resmi täzelenme bolmagy mümkin.

Galaxy S21 seriýasy 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda tanyşdyrylypdy. Şonda kompaniýa operasion ulgamynyň üç sany iri täzelenmesini we bäş ýyllyk howpsuzlyk täzelenmelerini wada beripdi. Howpsuzlyk goldawynyň möhleti 2026-njy ýylyň ýanwarynda dolýar, şonuň üçin häzirki çykarylan patç bu borçnamalaryň resmi taýdan tamamlanýandygyny aňladýar.
Täzelenme Android-iň ýanwar aýyndaky howpsuzlyk patçyny öz içine alýar we operasion ulgamynyň özüne, şeýle-de "One UI" interfeýsine degişli 55 sany gowşaklygy düzedýär. Dürli derejedäki meseleler aradan aýrylýar, olaryň käbiri "örän howply" diýlip hasaplanýar.
Häzirki wagtda G99xNKSSCHZA5 belgili täzelenme Günorta Koreýada ýaýradylýar. Ýakyn günlerde onuň beýleki sebitlerde hem elýeterli bolmagyna garaşylýar.
Bu patç çykarylandan soň, "Galaxy S21" seriýaly smartfonlar meýilleşdirilen goldaw maksatnamasyndan çykarylan hasaplanýar. Şeýle-de bolsa, eger ulgamda çynlakaý howp ýüze çykarylsa, "Samsung" meýilleşdirilmedik täzelenmeleri çykarmak hukugyny özünde saklaýar.


12.05.2026 14:43
6.8k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...