Uniqlo egin-eşik brendi Land Cruiser, HiAce we Corolla şekillendirilen futbolkalary çykardy

  • 29.01.2026 09:38
  • 1.8k+

Ýaponiýanyň "Uniqlo" geýim brendi "Toyota" konserni bilen hyzmatdaşlykda ýapon awto ägirdiniň meşhur ulaglarynyň şekili ýerleşdirilen futbolkalar toplumyny çykardy. Bu kolleksiýa kompaniýanyň muşdaklaryna niýetlenip, 1960-njy ýyllaryň modellerine bagyşlanýar.

"Uniqlo" kompaniýasynyň resmi web sahypasynda habar berlişi ýaly, täze seriýa dört awtoulagy öz içine alýar: 1966-njy ýylyň "Corolla" modeli, 1967-nji ýylyň "2000GT" kupesi, 40-njy seriýaly "Land Cruiser" wnedorožnigi we 1967-nji ýylyň "HiAce" furgonynyň ilkinji nesli. Bularyň ählisi "Toyota" brendiniň we umumy ýapon awtoulag medeniýetiniň taryhynda ähmiýetli hasaplanýar.
Futbolkalar aprel aýynda satuwa çykarylar. Her bir modeliň bahasy 1990 ýena (takmynan 13 ABŞ dollary) bolar.


09.05.2026 15:23
2.4k+

«Forsaž-yň» birinji filmindäki Toyota Supra MK4 Lego toplumy görnüşinde çykaryldy

LEGO kompaniýasy meşhur «Forsaž» filminiň birinji bölümine bagyşlanan «Speed Champions» seriýasynyň täze toplumyny yglan etdi. Modeliň esasynda 2001-nji ýylyň meşhur kinofilminde jemleýji ýaryşda görkezilen......

24.11.2023 15:50
15k+

Beýik Britaniýada Toyota pikaplarynyň mahabaty gadagan edildi

Britaniýanyň mahabat standartlary boýunça edarasy (The Advertising Standards Authority, ASA) ekologik düşünjeler sebäpli Toyota pikaplarynyň mahabatyny gadagan etdi, sebäbi mahabat wideosynda derýanyň hanasyndan...

21.10.2023 14:13
11k+

Toyota-nyň Ýaponiýadaky işi togtadylan zawodlary 23-nji oktýabrdan bärde işlemez

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Toyota konserniniň Ýaponiýadaky häzir işi togtadylan kärhanalary duşenbe gününden, 23-nji oktýabrdan soň işe başlar. Şol bir wagtyň özünde işi togtaýan zawodlaryň sany köpelýär...

23.08.2023 11:18
23k+

Toyota zawodlarynda ýertudana we pomidor ýetişdirip başlady

Toyota hem beýleki köp sanly awtoulag öndürijiler ýaly, uglerodyň bitaraplygyna ygrarly. Beýle diýmek, ekologiýa zyýansyz awtoulag öndürmekden başga-da, olaryň uglerod zyňyndysyz bolmagyny gazanmak üçin dünýädäki...