Toyota zawodlarynda ýertudana we pomidor ýetişdirip başlady

  • 23.08.2023 11:18
  • 23k+

Toyota hem beýleki köp sanly awtoulag öndürijiler ýaly, uglerodyň bitaraplygyna ygrarly. Beýle diýmek, ekologiýa zyýansyz awtoulag öndürmekden başga-da, olaryň uglerod zyňyndysyz bolmagyny gazanmak üçin dünýädäki zawodlary gaýtadan enjamlaşdyrmagy aňladýar. Ýene bir eko başlangyç hökmünde zawodlar enjamlardan önýän ýylylygy we CO₂-ni ulanyp,  öz miwe we gök önümleri ýetişdirýän ýyladyşhanalaryny enjamlaşdyryp başladylar.

Geçen ýyl Toyota fermerleriň kömegi bilen Ýaponiýanyň Kamigo şäherindäki hereketlendirijileri öndürýän zawodynda ýertudana ýetişdirilýän tejribe-synag ýyladyşhanasyny gurdy. Biraz soň Miýosi ekin meýdanynda ýene bir ýer — çerri pomidorlary ýetişdirilýän ýyladyşhana peýda boldy.
Azajyk möçberde ulanylmaýan meýdany bolan ýyladyşhanalaryň ýörite gurluşy, şol bir ölçegdäki meýdana garanyňda, hasyly bir ýarym esse köp berýär. Mundan başga-da, Toyota fotosintez üçin zerur däl ýaşyl reňki asla bolmadyk, özboluşly gülgüne ýalpyldawuk yşyklandyryjylary ulanýar.
Ýogsa-da, ýapon fermerleri entek alada galyp oturmasalaram bolar: Toyotanyň miwelerini bazara çykarmak niýeti ýok we hasylyny öz naharhanalarynda mugt paýlaýar. Mundan başga-da, awtoulag ägirdi tejribesi bilen oba hojalygynyň has netijeli bolmagyna ýardam bermek isleýär.


09.05.2026 15:23
2.4k+

«Forsaž-yň» birinji filmindäki Toyota Supra MK4 Lego toplumy görnüşinde çykaryldy

LEGO kompaniýasy meşhur «Forsaž» filminiň birinji bölümine bagyşlanan «Speed Champions» seriýasynyň täze toplumyny yglan etdi. Modeliň esasynda 2001-nji ýylyň meşhur kinofilminde jemleýji ýaryşda görkezilen......

29.01.2026 09:38
1.8k+

Uniqlo egin-eşik brendi Land Cruiser, HiAce we Corolla şekillendirilen futbolkalary çykardy

Ýaponiýanyň "Uniqlo" geýim brendi "Toyota" konserni bilen hyzmatdaşlykda ýapon awto ägirdiniň meşhur ulaglarynyň şekili ýerleşdirilen futbolkalar toplumyny çykardy. Bu kolleksiýa kompaniýanyň muşdaklaryna niýetlenip, 1960-njy ýyllaryň modellerine bagyşlanýar...

24.11.2023 15:50
15k+

Beýik Britaniýada Toyota pikaplarynyň mahabaty gadagan edildi

Britaniýanyň mahabat standartlary boýunça edarasy (The Advertising Standards Authority, ASA) ekologik düşünjeler sebäpli Toyota pikaplarynyň mahabatyny gadagan etdi, sebäbi mahabat wideosynda derýanyň hanasyndan...

21.10.2023 14:13
11k+

Toyota-nyň Ýaponiýadaky işi togtadylan zawodlary 23-nji oktýabrdan bärde işlemez

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Toyota konserniniň Ýaponiýadaky häzir işi togtadylan kärhanalary duşenbe gününden, 23-nji oktýabrdan soň işe başlar. Şol bir wagtyň özünde işi togtaýan zawodlaryň sany köpelýär...