Hindistanyň iň baý adamlaryndan biri ary ýuwdup aradan çykdy

  • 17.06.2025 13:20
  • 20k+

Hindistanly milliarder Sanjaý Kapur Londonda 53 ýaşynyň içinde geň ýagdaýlarda aradan çykdy. Bu barada The New York Times  ýazýar.

Bu pajygaly waka polo oýny oýnalýan wagtynda bolup geçdi. Şaýatlaryň sözlerine görä, telekeçi "Men bir zatlar-a ýuwutdym!" diýip gygyrypdyr-da, ýykylypdyr. Dosty Suhel Setiň sözlerine görä, Kapuryň agzyna ary uçup giripdir.
Ol dem alyş ýollaryna düşüpdir. Arynyň çakmagy anafilaktiki şok döredipdir, telekeçi koma düşüp, sähel salymyň içinde jan beripdir. Öň saglyk meselesi bilen ýa-da allergiýasynyň bardygy barada arz etmändigi bellenilýär.
Sanjaý Kapur awtoulaglaryň ätiýaçlyk şaýlaryny öndürmeklige ýöriteleşen iri Sona Comstar kompaniýasyna ýolbaşçylyk edýärdi. Onuň baýlygy 1,2 milliard dollar diýlip baha berilýär.
Bu kärhana telekeçiniň kakasy Surinder Kapur tarapyndan esaslandyryldy. Sanjaýyň döwründe Sona Comstar awtoulaglaryň ätiýaçlyk şaýlaryny we elektrik ulaglara niýetlenen ulgamlar bilen üpjün ediji bolup ýetişdi. Häzirki wagtda bu kompaniýanyň 4600-den gowrak işgäri bar we onuň Hindistanda, Hytaýda, Meksikada we ABŞ-da zawodlary bar.
Şeýle hem Sanjaý Kapur Bolliwudyň aktrisasy Karizma Kapuryň (öňki Karişma, ýöne astrologyň maslahaty bilen adynyň aýdylyşyny üýtgetdi) öňki adamsy hökmünde tanalýardy. Olaryň nikasy 2003-nji ýyldan 2016-njy ýyla çenli dowam etdi, olaryň iki çagasy bar.


17.05.2026 23:10
11k+

Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy

Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....

15.05.2026 11:17
9k+

Ýaza ýaraşmajak ýagdaý: Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatynda adatdan daşary güýçli harasat boldy

13-nji maýda agşamara Hindistanyň demirgazygyndaky Uttar-Pradeş ştatynda örän güýçli harasat turdy. Tebigy apatyň netijesinde azyndan 111 adam pida boldy we 72 adam dürli şikesleri aldy. Harasat güýçli ýagyş,......

15.12.2025 17:38
14k+

Hindistanda goýy tüsse sebäpli 100-den gowrak awiagatnaw ýatyryldy, ýene 300 sanysy gijikdirildi

Hindistanda daş-töweregiň görünmezligine getiren we ulag gatnawlaryna zyýan ýetiren goýy tüsse sebäpli 100-den gowrak awiagatnaw ýatyryldy, ýene 300-e golaýy bolsa gijikdirildi. Nýu-Delide we onuň golaýyndaky sebitlerde ýagdaý has kynlaşdy, bu ýerde goýy zäherli tüsse ulag gatnawyny bökdedi diýip, NDTV habar berýär...

25.11.2025 12:46
19k+

Hindi kinosynyň iň meşhur aktýorlarynyň biri Dharmendra aradan çykdy

Mumbaýda 89 ýaşynda Bolliwud kinosynyň ýyldyzy Dharmendra (doly ady – Dharmendra Kewal Krişan Deol) aradan çykdy. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Dharmendra hindi kinosynyň iň esasy şahsyýetleriniň biridi...