HBS: Toyota işgärleri üçin zähmet haklaryny soňky 20 ýylda iň uly derejede artdyrar

  • 24.02.2023 13:55
  • 16k+

Ýaponiýanyň Toyota awtokonserni ýerli professional birleşikleriň talaplary bilen doly ylalaşyp, öz işgärleri üçin aýlyk haklaryny soňky 20 ýylda iň uly derejede artdyrmagy maksat edinýär. Bu barada NHK teleýaýlymy habar berdi diýip, TASS belleýär.

Bellenilişi ýaly, Toyota eýýäm üçünji ýyl professional birleşikler tarapyndan öňe sürülýän şertler bilen doly ylalaşýar, ýöne zähmet haklarynyň şu gezekki artdyrylmasy soňky 20 ýylda iň ulusy bolar. Häzirki wagtda dürli kategoriýaly işgärler üçin takyk aýlyk haklary barada maglumat berilmedi, ýöne maksimal artdyrma 9 370 ýena (häzirki hümmet boýunça $70) bolar.
Kompaniýanyň ýolbaşçylygy dünýäde çig malyň, azyk harytlarynyň we energiýa göterijileriniň bahalarynyň ýokarlanmagy bilen geçen ýyl ýurtda ýüze çykan inflýasiýa basyşynyň esasynda zähmet töleglerini ýokarlandyrmagyň zerurlygyna doly düşünýändigini belledi.


09.05.2026 15:23
2.4k+

«Forsaž-yň» birinji filmindäki Toyota Supra MK4 Lego toplumy görnüşinde çykaryldy

LEGO kompaniýasy meşhur «Forsaž» filminiň birinji bölümine bagyşlanan «Speed Champions» seriýasynyň täze toplumyny yglan etdi. Modeliň esasynda 2001-nji ýylyň meşhur kinofilminde jemleýji ýaryşda görkezilen......

29.01.2026 09:38
1.8k+

Uniqlo egin-eşik brendi Land Cruiser, HiAce we Corolla şekillendirilen futbolkalary çykardy

Ýaponiýanyň "Uniqlo" geýim brendi "Toyota" konserni bilen hyzmatdaşlykda ýapon awto ägirdiniň meşhur ulaglarynyň şekili ýerleşdirilen futbolkalar toplumyny çykardy. Bu kolleksiýa kompaniýanyň muşdaklaryna niýetlenip, 1960-njy ýyllaryň modellerine bagyşlanýar...

24.11.2023 15:50
15k+

Beýik Britaniýada Toyota pikaplarynyň mahabaty gadagan edildi

Britaniýanyň mahabat standartlary boýunça edarasy (The Advertising Standards Authority, ASA) ekologik düşünjeler sebäpli Toyota pikaplarynyň mahabatyny gadagan etdi, sebäbi mahabat wideosynda derýanyň hanasyndan...

21.10.2023 14:13
11k+

Toyota-nyň Ýaponiýadaky işi togtadylan zawodlary 23-nji oktýabrdan bärde işlemez

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Toyota konserniniň Ýaponiýadaky häzir işi togtadylan kärhanalary duşenbe gününden, 23-nji oktýabrdan soň işe başlar. Şol bir wagtyň özünde işi togtaýan zawodlaryň sany köpelýär...