Mbappe ÇL-de Ronaldunyň rekordyny täzeledi, Lewandowski Messiniň üstünligini gaýtalady

  • 29.01.2026 09:44
  • 8.8k+

Madridiň «Real» toparynyň hüjümçisi Kilian Mbappe UEFA Çempionlar ligasynyň umumy/toparlaýyn tapgyrynda iň köp gol geçirmek boýunça rekordy täzeledi.  
Fransiýaly hüjümçi Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň 8-nji turunda «Benfika» toparyna garşy geçirilen oýunda dubl etdi. Şeýlelikde fransiýaly oýunçy umumy tapgyrda geçiren gollarynyň sanyny 13-e ýetirmegi başardy, emma muňa garamazdan, duşuşyk «Realyň» 2:4 hasabyndaky ýeňilişi bilen tamamlandy.
Mundan ozal rekordyň eýesi 2015/2016-njy ýyllar möwsüminde 11 gol uran Kriştian Ronaldudy.  


Şol bir wagtyň özünde ýaryşyň beýleki duşuşygynda «Barselona» toparynyň hüjümçisi Robert Lewandowski Çempionlar ligasynda Lionel Messiniň rekordyny gaýtalady. 
Katalonlaryň topary Daniýanyň «Kopengagen» toparyny 4:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Gollaryň birini Lewandowski öz adyna ýazdyrdy. «FC Barcelona News» neşiriniň maglumatyna görä, «Kopengagen» polşaly hüjümçiniň ÇL-de gol geçiren 40-njy topary boldy. Bu görkeziji boýunça ol meşhur argentin futbolçysy bilen deňleşdi.


11.06.2026 23:57
4.6k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

10.06.2026 10:53
9.4k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

08.06.2026 16:49
9.3k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

04.06.2026 23:02
4.8k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......