Bu-da emeli aň sebäpli: App Store-da täze iOS goşundylarynyň sany 60 göterim ýokarlandy

  • 28.01.2026 19:24
  • 2.2k+

Birnäçe ýyllap dowam eden durgunlykdan soň, «App Store» dükanynda täze goşundylaryň sanynyň çalt depginler bilen artýandygy hasaba alyndy. Sensor Tower we Wells Fargo Securities kompaniýalarynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň dekabr aýynda täze iOS goşundylarynyň sany geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 60 göterim artdy. Soňky 12 aýyň jemleri boýunça bolsa ösüş 24 göterime deň boldy.
Mundan ozalky üç ýylyň dowamynda bu görkeziji nola golaýdy, ýagny täze goşundylaryň goşulyş ýygylygy takmynan bir derejede saklanypdy. Seljermeciler häzirki böküşli ösüşi emeli aň gurallarynyň ýaýramagy we çuňňur tehniki bilimi bolmadyk ulanyjylaryň hem programma döretmegini ýönekeýleşdirýän «waýb-koding» (vibe-coding) usuly bilen baglanyşdyrýarlar.
Seljermäniň awtorlary şu günki ýagdaýy Apple kompaniýasynyň «iPhone SDK» ulgamyny tanyşdyran 2008-nji ýyly bilen deňeşdirýärler. Şol wagt «App Store» bary-ýogy 500 töweregi üçünji taraplaýyn goşundy bilen işe başlap, gysga wagtyň içinde ägirt uly ekoulgama öwrülipdi.
Olaryň pikiriçe, emeli aň şuna meňzeş täze bir döwrüň başyny başlap, mobil goşundy bazaryny uly ösüş tapgyryna çykaryp biler.


03.06.2026 00:06
2.2k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......

28.05.2026 23:53
5.9k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....

28.05.2026 12:27
2.5k+

Apple kompaniýasy iOS 26.5-i çykardy: onda näme täzelikler bar?

Apple kompaniýasy resmi taýdan iOS 26.5 täzelenmesini hödürledi. Bu täzelenme ulanyjylara täze funksional mümkinçilikleri hödürlemek bilen birlikde, howpsuzlyk ulgamyndaky 50-den gowrak kemçilikleri düzedýär....

26.05.2026 19:15
1.5k+

Google iPhone-larda gurnalan gözlegi satyn alandygy barada kazyýet kararyna garşy şikaýat etdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kazyýetiniň «iPhone-larda» düýpden gurnalan gözleg ulgamy derejesi üçin «Apple-a» edilýän tölegleri bikanun diýip ykrar eden antimonopol kararyna garşy şikaýat berdi. Bu barada......