Sony ýedi ýyldan soň ilkinji winil plastinka aýtdyryjylaryny tanyşdyrdy

  • 26.01.2026 16:41
  • 1.6k+

Sony kompaniýasy 2019-njy ýyldan bäri özüniň ilkinji täze winil aýtdyryjylaryny bildiriş etdi. Täze PS-LX3BT we PS-LX5BT modelleri ulanmakda ýönekeýligi bilen tapawutlanýar we hem simli, hem-de Bluetooth arkaly Hi-Res ses akymyny goldaýar.

Iki model hem doly awtomatiki usulda işleýär. Bir düwmäni basmak arkaly plastinka aýlanyp başlaýar, tonarm bolsa (ses iňňesi ýerleşýän goly) awtomatiki ýagdaýda plastinkanyň üstüne düşýär. Aýdym tamamlanandan soň, tonarm öz asyl ýagdaýyna gaýdyp gelýär.
Tozandan goraýjy dury gapagy aýtdyryş wagtynda plastinkany synlamaga mümkinçilik berýär.
Modellerde gurnalan fonsazlaýjy (phono equalizer) we liniýaly çykyşyň arasynda saýlamaga mümkinçilik berýän geçiriş bar. Şeýle hem ýazgylary sanly formata geçirmek üçin USB porty bar.


«aptX Adaptive» kodeki arkaly 96 kGs we 24 bitlik ýokary çözgütli (Hi-Res) sesi simsiz geçirmegi goldaýar.

PS-LX3BT täze başlaýanlar üçin niýetlenen bolup, 3,5 gramlyk magnit-elektrik ses datçigi we aýryp bolmaýan kabeller bilen üpjün edilen.
PS-LX5BT-de bolsa has takyk 2 gramlyk kartriji, aýrylyp bolýan RCA kabelleri, rezin düşekli gara alýumin diski we galmagaly azaltmak üçin kämilleşdirilen elektronika bölekleri bar.
Täze modeller 2026-njy ýylyň fewral we aprel aýlarynda satuwa çykarylar: PS-LX3BT takmynan 400 dollar; PS-LX5BT 500 dollar.


11.06.2026 23:54
1.7k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

08.06.2026 16:23
2k+

Sony Kratosyň aýaly Feýiň başdangeçirmeleri barada God of War Laufey oýnuny çykarar

Sony kompaniýasy God of War älemine degişli bolan täze God of War Laufey oýnuny resmi ýagdaýda yglan etdi. Bu täze taslamanyň baş gahrymany Kratosyň aýaly we Atreýiň ejesi Feý bolar. Oýun State of Play......

27.05.2026 15:37
1.5k+

Sony Pictures-i anime taslamalary halas etdi

Sony Pictures Entertainment 2026-njy ýylyň 31-nji martynda tamamlanan maliýe ýyly boýunça hasabat berdi. Hasabatda aýdylyşyna görä, bölümiň girdejisi geçen ýylky derejesinde galyp, 9,92 milliard dollar boldy......

07.05.2026 11:00
1.5k+

Sony Tarantinonyň Jango bilen Zorronyň duşuşygy hakyndaky komiksini ekranlaşdyrýar

Sony Pictures kinostudiýasy «Azat edilen Jango» («Джанго освобожденный») we «Zorronyň nykaby» («Маска Зорро») filmleriniň gahrymanlarynyň resmi krossoweri boljak «Jango/Zorro» atly filmiň üstünde işläp başlady....