BTS-iň «Arirang» albomy Spotify-da iň köp garaşylýan reliz boldy

  • 26.01.2026 11:53
  • 1.6k+

BTS toparynyň täze «Arirang» albomy Spotify Countdown Charts Global çartynda birinji orny eýeledi. Bu reýting ulanyjylaryň haýsy geljekki aýdym-saz ýygyndylaryny özleriniň "deslapky garaşmalaryna" has köp goşýandygyny görkezýär.

The Chosun Daily neşiriniň habar bermegine görä, «Arirang» bäş gün yzygiderli sanawyň başyny çekip, Bruno Mars we Charli XCX ýaly dünýä ýyldyzlarynyň albomlaryndan öňe geçdi. Deslapky saklama funksiýasy açylandan soň, bary-ýogy dört günüň içinde 2 milliondan gowrak ulanyjy bu albomy öz sanawyna goşdy.
Spotify-iň taryhynda iň köp deslapky saklama (takmynan 6 million) Teýlor Swiftiň 2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda çykan «The Life of a Showgirl» atly 12-nji albomyna degişlidir.
«Arirang» albomynyň relizi 2026-njy ýylyň 20-nji martyna meýilleşdirilýär.
Bu BTS toparynyň soňky dört ýylda çykarjak ilkinji doly düzümdäki albomy bolar. Ýatladyp geçsek, 2022-nji ýylyň iýun aýynda çykan «Proof» albomyndan soň, toparyň agzalary harby gullugy sebäpli bilelikdäki işlerini wagtlaýynça togtadyp, şahsy taslamalaryna üns beripdiler.
Täze albom çykandan soň, dünýä meşhur toparyň dünýä syýahatyna çykmagy meýilleşdirilýär.

şu gün 08:06
208

Fransiýa ägirt uly tropik goraghanany döredýär. Onuň ähmiýeti näme?

Fransiýanyň häkimiýetleri bar bolan iki goraghanany giňeldip, ýene-de ýedi sany täze biologik goraghananyň döredilendigini mälim etdiler. Şunlukda jemi 157 müň gektar tokaý zolagy goşmaça goraga alyndy....

şu gün 08:04
592

Tailandda şa gyzy Pa 47 ýaşynda aradan çykdy

Tailandyň patyşasy Rama X-nyň uly gyzy, halk arasynda şa gyzy Pa hökmünde tanalýan şa gyzy Bajrakitiýabha Narendira Debýawati 47 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada patyşalyk köşgüniň metbugat gullugy habar berdi....

düýn 15:47
8.3k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

düýn 07:53
2.8k+

Rim papasy dünýäniň iň beýik ybadathanasynyň baş diňini keramatlaşdyrdy

Barselona şäherinde taryhy waka bolup geçdi: Rim papasy Lew XIV meşhur Keramatly Maşgala ybadathanasynda (Sagrada Familiýa) messa geçirdi we Isa pygamberiň diňini keramatlaşdyrdy....