TikTok-yň iň meşhur blogeri Habi Leým öz keşbini ulanmak hukugyny 1 milliard dollara satdy

  • 26.01.2026 10:08
  • 11k+

TikTok platformasynyň taryhynda iň köp abunaçysy bolan (takmynan 270 million adam) bloger Habi Leým özüniň «Step Distinctive Limited» kompaniýasynyň bir bölegini Amerikanyň «Rich Sparkle Holdings» firmasyna 975 million dollara satdy.

Ylalaşygyň şertlerine görä, öňümizdäki üç ýylyň dowamynda «Rich Sparkle Holdings» Leýmiň dünýä derejesindäki ähli girdeji ugurlaryny dolandyrmaga eksklýuziw hukuk alýar. Bulara - mahabat şertnamalary; ygtyýarlandyrma işleri hem-de onuň ady bilen harytlaryň satuwy (merçandaýzing) degişlidir.
Bu söwdadan soň blogeriň girdejisi aýratyn mahabat şertnamalaryna däl-de, eýsem onuň brendiniň töwereginde guruljak biznesiň umumy üstünligine bagly bolar. «Rich Sparkle-yň» wekilleri munuň "kontentli elektron söwda modelinde hakyky rewolýusiýadygyny" belleýärler.
Şertnamanyň iň täsin bölümi — Habi Leýmiň emeli aň tehnologiýalarynyň kömegi bilen özüniň sanly ekiztaýyny (AI-copy) döretmäge razylyk bermegidir. Onuň keşbi, sesi we özüni alyp barşy bilen döredilen AI-nusgasy dürli dillerde, gije-gündizläp göni ýaýlymlar alyp biler we täjirçilik işleri bilen meşgullanar. Bu blogere fiziki taýdan gatnaşmazdan, öz auditoriýasyny has-da giňeltmäge we brendiniň mümkinçiliklerini artdyrmaga ýol açar.


26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

17.05.2026 23:27
3.1k+

TikTok-da görüp oturan wideolaryňdan myhmanhanalary we syýahatlary göni bronlamak hyzmaty peýda boldy

TikTok kompaniýasy myhmanhanalary, gözel ýerleri we güýmenje ýerleri gözlemek hem-de bronlamak funksiýalaryny göni ykjam goşundynyň içine birleşdirýän TikTok GO hyzmatynyň resmi taýdan işe girizilendigini......

13.05.2026 20:01
4.4k+

TikTok ABŞ-da çagalaryň maglumatlary boýunça gozgalan dawany çözmek üçin 400 million dollar tölär

ABŞ-nyň hökümeti we TikTok sosial ulgamynyň ýolbaşçylygy kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylaryň gizlinliginiň bozulmagy bilen bagly giň gerimli derňew işi boýunça ylalaşyk baglaşmaga golaýlaşýarlar. Tölenjek......

27.03.2026 17:36
6.8k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......