Aleks Honnold göni ýaýlymda Taýbeý 101 gökdirän bina ätiýaçsyz dyrmaşyp çykdy

  • 25.01.2026 15:59
  • 7.4k+

Amerikaly gaýa dyrmaşyjy Aleks Honnold Netflix-iň göni ýaýlymdaky görkezilişiň çäginde Taýbeý 101 gökdiräne hiç hili ätiýaçlandyryş serişdelerini ulanmazdan erkin dyrmaşdy we binanyň depesinde selfi düşürdi. 
Variety neşiriniň ýazmagyna görä, beýikligi 508 metrlik, 101 gatly binaň gerşine ýetmek üçin oňa 95 minut wagt gerek boldy.
40 ýaşly türgen gökdiräne dyrmaşmaga ýerli wagt bilen sagat 09:10-da başlady. Ol dyrmaşyp barýan ýerinden binanyň içinde özüni surata düşürip ýören Google, McKinsey & Co. we Taýwanyň fond biržasy ýaly edaralaryň ofis işgärlerine gol bulap geçdi.
Honnold Oskar baýragyna mynasyp bolan «Fri solo» dokumental filminde görkezilen Ýosemitidäki El-Kapitan dagyna dyrmaşandan soň meşhuryk gazanypdy. Ol on ýyl tejribesine garamazdan, heniz şu güne çenli ýekeje gezegem beýle beýik binalary göni ýaýlymda «boýun egdirip» görmändi.
Taýbeý 101 binasy ozal hem gaýa dyrmaşyjylarynyň ünsüni çekýärdi. Mysal hökmünde, oňa 2004-nji ýylda dyrmaşan alpinist Alen Roberi hem agzap bolar, emma ol, Honnoldyňkydan tapawutlylykda, ätiýaçlandyryş  serişdelerini ulanypdy.


24.03.2026 07:08
3.9k+

BMG: 2025-nji ýyl soňky 176 ýylyň içinde iň yssy ýyllaryň biri boldy

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýyl taryhda iň yssy ýyllaryň biri bolup, bu görkeziji boýunça ikinji ýa-da üçünji orunda durýar. Ýer ýüzüniň ortaça temperaturasy senagatdan öňki 1850–1900-nji ýyllar aralygyndaky derejeden takmynan 1,43 dereje ýokary boldy...

23.03.2026 05:25
4.5k+

ABŞ-da mart aýy üçin rekord derejedäki yssy hasaba alyndy

ABŞ-nyň günorta-günbatarynda howanyň temperaturasy adatdan daşary derejä ýetip, ozalky iň ýokary görkezijileri täzeledi. Bilermenler sebitdäki mart aýy üçin rekord derejedäki bu jöwzany global howa üýtgemegi bilen baglanyşdyrýarlar...

06.02.2026 15:41
17k+

Indoneziýada täsin ululykda piton tapyldy: ýylanyň uzynlygy 7 metrden geçýär

Sulawesi adasynda dünýäniň rekordlar sanawyny täzelän ýylan tapyldy. Ibu Baron (Baronessa) diýlip atlandyrylan torjumak urkaçy piton Ýer ýüzünde iň uzyn ýabany ýylan diýlip resmi taýdan ykrar edildi we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi...

16.06.2025 14:19
7.7k+

2025-nji ýylyň maý aýy umman gözegçiliginiň taryhynda ikinji iň yssy aý boldy

2025-nji ýylyň maý aýynda dünýä ummanynyň üstüniň ortaça temperaturasy 20,79 gradus boldy – bu gözegçiligiň taryhynda ikinji iň ýokary görkezijidir diýip, Ýewropanyň Copernicus gullugy habar berýär. 2024-nji ýylyň maý aýynda goýlan rekord dereje bu görkezijiden bary-ýogy 0,14 gradus ýokarydy...