Laporta «Barselonanyň» prezident saýlawlarynyň senesini yglan etdi

  • 24.01.2026 16:54
  • 4k+

15-nji martda «Barselona» futbol klubunyň prezident saýlawy geçiriler. Şeýle karar Kataloniýaly klubuň direktorlar geňeşiniň mejlisinden soň kabul edildi. Bu barada toparyň metbugat gullugy klubuň häzirki prezidenti Joan Laporta salgylanyp habar berdi.
Saýlawda ýeňiş gazanan prezident diňe 1-nji iýulda resmi taýdan wezipesine girişer.
Joan Laporta «Barselona» 2021-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär, ol saýlawa gatnaşyp, işinde ýene bir möhletlik galmak isleýär. Bu wezipä ondan başda Wiktor Font, Hawýer Wilajoana we Mark Siria dalaş edýär.
Ispan La Ligasyndaky 20 oýundan soň «Barselona» 49 utuk gazanyp, Madridiň «Real»-yndan 1 utuk öňde barýar.


düýn 23:41
1.5k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.9k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......