Bruno Mars Roblox-da wirtual konsert berip, 12 milliondan gowrak tomaşaçy ýygnady

  • 22.01.2026 15:09
  • 2.9k+

Amerikaly meşhur aýdymçy Bruno Mars 2025-nji ýylyň maý aýynda çykan «Steal a Brainrot» oýnunyň çäklerinde Roblox wirtual sahnasynda çykyş etdi. Bu oýun çykan gününden bäri bir wagtyň özünde 25 milliondan gowrak oýunçyny bir ýere jemlemegi başardy.

Roblox — ulanyjylaryň öz oýunlaryny we wirtual dünýälerini döredýän onlaýn platformasydyr. Bu platforma, esasanam, ýetginjekleriň arasynda meşhur bolup, diňe bir oýun oýnamak üçin däl, eýsem wirtual çäreler, konsertler we dürli tanyşdyrylyşlar üçin hem ulanylýar.
Bruno Marsyň konserti «Steal a Brainrot» taslamasy üçin iň möhüm wakalaryň birine öwrülip, 12,7 milliondan gowrak ulanyjyny özüne çekdi.
Çykyş takmynan ýedi minut dowam etdi. Artist geljekki «The Romantic» albomyndan täze «I Just Might» aýdymyny we meşhur «Locked Out of Heaven» hitini ýerine ýetirdi.
Tomaşaçylar wirtual giňişlikde erkin hereket edip, artistiň keşbinden we stilinden ylham alnyp döredilen eksklýuziw oýun içindäki goşlary (predmetleri) ýygnap bildiler.
Roblox-daky bu wirtual çykyş Bruno Marsyň täze albomynyň ilkinji mahabat çäresi boldy. Albomyň 27-nji fewralda çykmagyna garaşylýar. Sazanda täze işi tanyşdyrylandan soň, dünýä boýunça uly syýahata ugrar.
Artist Demirgazyk Amerikanyň, Ýewropanyň we Beýik Britaniýanyň iri stadionlarynda konsert bermegi meýilleşdirýär.

şu gün 09:33
928

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

şu gün 08:06
629

Fransiýa ägirt uly tropik goraghanany döredýär. Onuň ähmiýeti näme?

Fransiýanyň häkimiýetleri bar bolan iki goraghanany giňeldip, ýene-de ýedi sany täze biologik goraghananyň döredilendigini mälim etdiler. Şunlukda jemi 157 müň gektar tokaý zolagy goşmaça goraga alyndy....

şu gün 08:04
2.1k+

Tailandda şa gyzy Pa 47 ýaşynda aradan çykdy

Tailandyň patyşasy Rama X-nyň uly gyzy, halk arasynda şa gyzy Pa hökmünde tanalýan şa gyzy Bajrakitiýabha Narendira Debýawati 47 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada patyşalyk köşgüniň metbugat gullugy habar berdi....

düýn 15:47
8.7k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....