Aşgabatda 2026-njy ýylda geçiriljek sport we medeni çäreleri beýan etmek üçin ýörite media topar döredildi

  • 21.01.2026 10:36
  • 4.7k+

Döredilen media toparyň düzümine ýurduň bäş sany öňdebaryjy ýokary okuw mekdebiniň — Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň degişli fakultetleriniň 12 sany tejribeli mugallymy we 76 sany zehinli talyby girdi.

Maslahatyň dowamynda täze döredilen habarçylar toparynyň maksatlary, wezipeleri we guramaçylyk işiniň esasy ugurlary hem düşündirildi.
Gatnaşyjylar ýaş žurnalistleriň esasy başarnyklaryny ýokarlandyrmaga, tejribesini baýlaşdyrmaga, şeýle hem 2026-njy ýylda döwlet we halkara derejesinde geçirilmegi meýilleşdirilýän möhüm wakalary professional hem-de operatiw şöhlelendirmäge gönükdirilen ýörite okuw maslahatlaryny (treningleri) guramagy ara alyp maslahatlaşdylar.


03.06.2026 17:49
3.7k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......