«Ýuwentus» Ronalduwa 9,7 mln ýewro tölemeli boldy. Turinde kazyýet klubuň arzasyny ret etdi

  • 21.01.2026 10:18
  • 9.2k+

Turiniň kazyýeti «Ýuwentus» klubunyň arbitraž kazyýetiň Kriştianu Ronalduwa 9,7 mln ýewro tölemek baradaky kararyna garşy arzasyny ret etdi. Bu barada La Gazzetta dello Sport neşiri habar berdi.

2024-nji ýylda arbitraž «Ýuwentusy» futbolça 9,7 mln ýewro tölemäge borçlandyrypdy. Oýunçy şeýle mukdary Angliýanyň «Mançester Ýunaýtedine» geçenden soň şertnamanyň ýatyrylandygy üçin pul hökmünde almalydy. Koronawirus pandemiýasy döwründe klub oýunçy bilen 19,6 mln ýewro möçberde zähmet hakynyň möhletini yza süýşürmek barada ylalaşdy. Taraplar 2021-nji ýylyň 31-nji iýulyna çenli bu pullaryň bonus hökmünde tölenjekdigi barada şertnama baglaşdy, ýöne töleg geçirilmedi. Şondan soň Ronaldu kazyýete ýüz tutdy.
2022-nji ýylyň 29-njy noýabrynda «Ýuwentusyň» müdirler geňeşiniň köp agzalary işden çykdy, olaryň arasynda prezident Andrea Anýelli we wise-prezident Pawel Nedwed hem bar. Soňra Turiniň prokuraturasy maliýe düzgün bozmalarynda güman etmek bilen klubuň öňki ýolbaşçylaryna gatnaşykda derňew işine başlady.
Ronaldu «Ýuwentusda» 2018-nji ýyldan 2021-nji ýyl aralygynda oýnady. Bu döwürde 134 oýna gatnaşyp, 101 gol geçirdi we 28 assist etdi. Klub bilen bilelikde iki gezek Italiýanyň çempionatyny (2018/19, 2019/20) utdy, iki gezek ýurduň Superkubogyny we bir gezek Kubogyny gazandy.


düýn 20:28
8.7k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
10k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.3k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7.1k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....