«Barselona» ikinji gezek Kanseluny, «Aýaks» Ibragimowiçiň ogluny kärendesine aldy

  • 15.01.2026 22:30
  • 11k+

Ýewropa futbolynda gyşky transfer penjiresi eýýäm birnäçe gyzykly transferlere getirdi. Klublar möwsümiň ahyrky bölegine taýýarlanmak bilen, işjeň ýagdaýda öz düzümlerini güýçlendirýär.

«Barselona» öz resmi saýtynda gyraky goragçy Žoau Kanseluny möwsümiň ahyryna çenli kärendesine alandygy barada habar berdi.
31 ýaşly portugaliýaly oýunçy katalon kluby üçin 2023 – 2024-nji ýyllarda-da oýnapdy. Ol ähli ýaryşlarda 42 oýna gatnaşyp, dört gol geçirdi we bäş assist etdi. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, onuň bazar bahasy 10 mln ýewro barabar.
Şwesiýaly Zlatan Ibragimowiçiň ogly, hüjümçi Maksimilian Ibragimowiç Niderlandlaryň «Aýaks» klubunyň oýunçysy boldy. 19 ýaşly hüjümçiniň kärende şertnamasy alty aýa niýetlenýär, ýöne şertnamada satyn almak mümkinçiligi-de göz öňünde tutuldy. Ozal Maksimilian «Hammarbýunyň» ýaşlar akademiýasynda, 2022-nji ýyldan başlap bolsa «Milanyň» akademiýasynda oýnady. Soňky ýarym ýylda ol Seriýa D-de klubuň ikinji topary «Milan Futuroda» çykyş etdi.
Ýatlap geçsek, Zlatanyň özi hem dürli ýyllarda «Aýaksda» we «Milanda» oýnapdy.
Londonyň «Tottenhem» kluby Madridiň «Atletikosynyň» ýarymgoragçysy Konor Gallaher bilen şertnama baglaşdy. Oýunçynyň şertnamasy 5,5 ýyllyk bolup, 2031-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýär. Transfer mukdary 35 mln funt sterling boldy.
Gallaher 2024-nji ýylyň tomsunda «Çelsiden» 42 mln funt sterlinge «Atletiko» toparyna geçdi. Ol 77 oýna gatnaşyp, ýedi gol geçirdi. Ozal ol «Çarlton», «Suonsi», «West Bromwiç», «Kristal Pelas» we «Çelsi» klublarynda çykyş edip, soňkusy bilen Ýewropa ligasyny utdy. Angliýanyň milli ýygyndysy üçin 22 oýna gatnaşyp, bir gol geçirdi.
Gyşky transfer penjiresi Ýewropanyň öňdebaryjy ligalarynda 1-nji ýanwarda açyldy we 3-nji fewrala çenli dowam eder. Häzirki wagtda iň uly gyşky transfer «Bornmutyň» wingeri Antuan Semenýonyň 75 mln ýewro (65 mln funt sterling) «Mançester Sitä» geçmegi boldy. 


şu gün 17:07
2.2k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

şu gün 16:24
1.8k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......

şu gün 12:33
2.6k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

düýn 18:20
3.9k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....