Magnit tupanlary 2026-njy ýylyň eýýäm ilkinji iki hepdesinde ýygy-ýygydan bolýan hadysa öwrüldi

  • 15.01.2026 15:32
  • 5.6k+

2026-njy ýylyň ilkinji iki hepdesi üýtgeşik ýokary geomagnit işjeňligini görkezdi: ýylyň başyndan bäri geçen günleriň 62%-i Kp şkalasy boýunça «sary» we «gyzyl» derejede boldy. Deňeşdirmek üçin, 2025-nji ýylda şeýle günleriň paýy 46%-di.

Ýylyň başyndan bäri eýýäm üç gün (23%) hakyky magnit tupanlary bilen tapawutlandy, bu bolsa geçen ýylky 18% görkezijiden ýokarydyr we ýylyň ýaňy başlandygyna garamazdan şeýledir. Alymlar global rekord barada aýtmakdan entek irdigini, ýöne görkezijileriň geçen ýylkydan ýokary bolmak ähtimallygynyň uludygyny belleýär.
Üýtgeşik işjeňlik 2024-nji ýylda iň ýokary işjeňlik hasaba alnandan soňky Gün prosesleri bilen baglanyşyklydyr. Esasy sebäp Gün ýelini güýçlendirýän we Ýeriň magnit meýdanyna täsir edýän Gündäki koronal deşiklerdir. Häzir orta ululykda iki koronal deşik hasaba alynýar, bu bolsa ýakyn günlerde işjeňligiň ýokary boljakdygyny aňladýar.
Deňeşdirmek üçin, 2003-nji ýylda geomagnit gozganmalary 365 günden 272 günde hasaba alyndy, bu bolsa tutuş ýylyň 72%-ine deňdir. 


21.03.2026 11:26
5.3k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

26.02.2026 16:54
5.5k+

Gün «ukudan oýandy»: alymlar 4 günlük dymyşlykdan soň işjeňligiň gaýtadan başlandygyny mälim etdi

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň habar bermegine görä, Günde dört günlük doly asudalykdan soň işjeňlik täzeden başlandy. Bu hadysanyň alamatlary iki-üç gün ozal emele gelip başlan täze tegmiller toparynda hasaba alyndy...

18.02.2026 09:22
4.4k+

2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulmasy boldy. Bu hadysany Ýer ýüzünde bary-ýogy sanlyja adam gördi

17-nji fewralda Antarktidada 2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulma hadysasy hasaba alyndy. Aşgabat wagty bilen sagat 16:44 töweregi Aý Günüň merkezi bölegini doly örtüp, onuň diňe gyralarynyň görünmegini, ýagny "otly halka" täsirini emele getirdi...

12.02.2026 11:25
1.5k+

Ýanwar aýy soňky 9 ýylda magnit hadysaly iň işjeň aý boldy

Geçen ýanwar aýy 2017-nji ýyldan bäri magnit harasatynyň iň işjeň hasaba alnan döwri boldy. 31 günüň dowamynda geomagnit tupanlary 10 gezek hasaba alyndy. Bu görkeziji häzirki 25-nji gün sikli üçin hem, 2017-nji ýylyň sentýabryndan bäri geçen döwür üçin hem rekord derejedir...