Lexus täzelenen IS 2026 sedanyny hödürledi

  • 13.01.2026 14:02
  • 8.7k+

Lexus ýapon bazary üçin 2026-njy model ýylynyň täzelenen IS sedanyny hödürledi. Awtomobil doly täzelenmedi, esasy üýtgeşmeler interýere we dolandyryş sazlamalaryna degişli boldy.

Sedan gaýtadan işlenen elektrik rul dolandyryş ulgamyna, sähel üýtgedilen daşky keşbe we F Sport wersiýalary üçin täze yzky spoýlere eýe boldy.
Salon öňküden düýpli üýtgedi: Lexus öňdäki paneli we merkezi konsoly täzeledi. Her biriniň diagonaly 12,3 dýuým bolan iki ekran oturdyldy: sanly enjam paneli we mediaulgam.
Şeýle-de, Lexus täze F Sport Mode Black V ýörite wersiýasyny hödürledi. Ol süýme BBS tigir diskleri, gyzyl reňke boýalan tormoz supportlary we salon bezegi bilen tapawutlanýar. Ýaponiýada täzelenen IS300h üçin bahalar 5,8 mln ýenadan (takmynan, 40 müň dollar), Mode Black V üçin bolsa 6,75 mln ýenadan (46,5 müň dollar) başlaýar.
Mundan başga-da, Lexus aerodinamiki elementleri, täze diffuzory we sport gaz çykarýan ulgamy öz içine alýan TRD aksessuarlar toplumyny hödürledi.


07.06.2026 19:49
3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

27.05.2026 19:09
7.5k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

15.05.2026 11:08
3.3k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....

11.05.2026 18:31
5.3k+

Lexus ilkinji üç hatarly TZ krossowerini tanyşdyrdy: 6 orun, 420 at güýji we 480 km ýol ätiýaçlygy

Lexus öz taryhynda ilkinji gezek üç hatar oturgyçly, doly göwrümli elektrikli krossoweri bolan TZ modelini tanyşdyrdy....