Forbes iň girdejili sport klublaryny aýtdy: 30 ýyl baş ýaryşy utmadyk topar sanawda birinji

  • 12.01.2026 16:34
  • 3.9k+

Forbes neşiri ýylyň iň girdejili sport klublarynyň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny Milli futbol ligasynda (NFL) çykyş edýän amerikan futbol topary «Dallas Kowboýz» eýeledi.

Klubuň geçen möwsümde operasion girdejisi 629 mln dollar boldy. Bu görkeziji göterimlerden, salgytlardan, zatlaryň könelme bahasynyň saklanyp galmagyndan we amortizasiýadan öňki girdejini görkezýär. Forbes «Dallas Kowboýzyň» bahasyny 13 mlrd dollar diýip hasaplaýar. Gyzykly ýeri, topar soňky gezek Superbouly 1995-nji ýylda utdy.
Reýtingde ikinji orny Milli basketbol assosiasiýasynyň (NBA) «Golden Steýt Uorriorz» kluby eýeledi. Onuň operasion girdejisi 409 mln dollar boldy, bu bolsa sanawyň öňdebaryjysyndan tas 200 mln dollar azdyr. Toparyň bahasy 11 mlrd dollar diýlip hasaplanýar.
Üçünji orny iki topar – Milli hokkeý ligasyndan (NHL) «Edmonton Oýlerz» we NFL-den «Los-Anjeles Rems» paýlaşdy. Her klubuň operasion girdejisi 244 mln dollar boldy. Ýöne olaryň bazar bahasy düýpli tapawutlanýar: «Oýlerz» 3,2 mlrd dollar, «Rems» bolsa 10,5 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar.
Şeýle-de, reýtingiň ilkinji onlugyna 227 mln dollar operasion girdeji bilen «Formula-1-den» «Mersedes» topary, «Nýu-Inglend Petriots» (NFL) – 222 mln dollar, «Atlanta Hoks» (NBA) – 203 mln dollar, «Filadelfiýa Sewenti Siksers» (NBA) – 203 mln dollar, «Hýuston Rokets» (NBA) – 191 mln dollar we «Toronto Meýpl Lifs» (NHL) – 191 mln dollar girdi.  


02.06.2026 17:37
5k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

04.09.2025 12:13
9.1k+

Forbes tomusda oýunçylar üçin has köp çykdajy eden 10 futbol klubunyň reýtingini düzdi

1-nji sentýabrda Ýewropa futbolynda tomusky transfer penjiresi ýapyldy. Bu gezek Angliýadan klublar örän köp şertnama baglaşdy. Premýer-liganyň klublary oýunçy satyn almak üçin rekord 3,11 mlrd funt sterling (3,5 mlrd ýewrodan gowrak) sarp etdi, bu bolsa beýleki öňdebaryjy Ýewropa ligalarynyň bilelikdäki çykdajylaryndan hem ýokarydyr...

26.08.2025 11:00
5.3k+

Forbes 2025-nji ýylda dünýäniň iň baý tennisçilerini atlandyrdy

Forbes žurnaly 2025-nji ýylda dünýäniň iň baý tennisçileriniň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny ýylda 48,3 mln dollar girdeji bilen ispaniýaly Karlos Alkaras eýeledi. Ikinji orunda 47,3 mln dollar bilen italiýaly Ýannik Sinner ýerleşdi...