«Barselona» «Realy» utup, 16-njy gezek Ispaniýanyň Superkubogyny gazandy

  • 12.01.2026 07:26
  • 11k+

Saud Arabystanynda Ispaniýanyň Superkubogynyň final oýny geçirildi we Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» 3:2 hasabynda utdy. «Barselona» bu kubogy yzygider ikinji ýyl aldy.

Toparlar oýnuň birinji ýarymynda dört gol geçirdi, şolardan üç gol birinji ýaryma goşulan wagtda salyndy.
Oýunda hasap 36-njy minutda «Barselonanyň» hüjümçisi Rafinýanyň goly bilen açyldy. «Real» Winisiusyň goly (45+2) bilen hasaby deňledi. Iki minutdan  «Barselona» Robert Lewandowskiniň golundan soň ýene öňe çykdy, ýöne birnäçe minutdan hasap ýene deňleşdi – Gonsalo Garsiýa tapawutlandy.
Gutarnykly hasap duşuşygyň 73-nji minutynda, Rafinýa ikinji goluny geçirenden soň kesgitlendi. Oýnuň ahyrynda «Barselona» azlykda galdy. Frenki de Ýong gyzyl duýduryş aldy.
Ispaniýanyň Superkubogy 1982-nji ýyldan bäri geçirilýär. Ýaryşda ýeňiş sany boýunça rekord eýesi «Barselonadyr» (16). «Real» kubogy 13 gezek aldy, «Atletik» bilen «Deportiwonyň» hersiniň hasabynda 3 kubok bar.


düýn 22:01
3.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
7.8k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.1k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

08.06.2026 12:42
9.1k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......