Mario Balotelli BAE-niň ikinji ligasynyň iň soňky barýan «Al-Ittifak» toparynyň oýunçysy boldy

  • 09.01.2026 16:22
  • 11k+

Italiýaly hüjümçi Mario Balotelli karýerasyny Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) ikinji ligasynda dowam eder. 35 ýaşly futbolçy Dubaýyň «Al-Ittifak» kluby bilen iki ýarym ýyllyk şertnoma baglaşdy. Bu transfer barada italiýaly žurnalist Janluka Di Marsio habar berdi.

Balotelli öz karýerasynda Ýewropanyň birnäçe meşhur klublarynda, şol sanda Italiýanyň «Inter» we «Milan», Angliýanyň «Mançester Siti» we «Liwerpul», Fransiýanyň «Nissa» we «Marsel», Türkiýäniň «Adana Demirspor» toparlarynda çykyş etdi. Şeýle hem ol Italiýanyň milli ýygyndysynyň abraýyny gorady.
Futbolçynyň täze topary geçirilen 11 oýnuň netijeleri boýunça BAE-niň ikinji diwizionynyň ýaryş jedwelinde iň soňky — 15-nji orny eýeleýär. Klubuň hasabynda bary-ýogy 6 utuk bar.
Dubaýyň klubuna geçmezinden öň, Balotelli Italiýanyň «Jenoa» toparynda oýnady we 2025-nji ýylyň tomsunda erkin agent hökmünde ol ýerden gitdi. Geçen möwsümde ol alty oýun geçirip, netijeli urgulary amala aşyryp bilmedi.
Balotelli ilkinji nobatda özüniň "agyr häsiýeti" bilen tanalýar. Ol ähli oýnan klublarynda diýen ýaly öz kärdeşleri we tälimçileri bilen gapma-garşylyga gidipdi. Şeýle hem, meýdançadan daşary wagtda onuň bilen yzygiderli dawalar ýa-da gülkünç wakalar bolup geçýärdi.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......