«Mançester Siti» 75 mln dollara ganaly hüjümçi Semenýony aldy

  • 09.01.2026 15:10
  • 7.9k+

«Mançester Siti» resmi saýtynda «Bornmut» toparynyň ganaly wingeri (hüjümçisi) Antuan Semenýonyň transfer edilendigini yglan etdi. Ganaly futbolçy bilen 2031-nji ýylyň tomsuna çenli, ýagny bäş ýarym ýyllyk şertnoma baglaşyldy.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, transferiň bahasy bonuslar bilen bilelikde 75 million ýewro (£65 mln) barabar boldy. «Bornmutyň» metbugat gullugy bu geleşigiň klubuň taryhyndaky iň gymmat satyş bolandygyny mälim etdi.
Semenýonyň Angliýanyň Premýer-ligasynyň beýleki dört ägirdi bolan — «Çelsi», «Tottenhem», «Liwerpul» we «Mançester Ýunaýted» ýaly klublaryň tekliplerinden ýüz öwrüp, «Mançester Sitini» saýlandygy barada aýdylýar. Futbolçynyň esasy islegi Pep Gwardiolanyň ýolbaşçylygynda oýnamakdan ybarat bolupdyr.
26 ýaşly Semenýo APL-iň şu möwsüminde 20 oýunda 10 gol geçirip, 3 goluň pasyny berdi. Ol jemi 110 oýunda 32 gol we 13 assist etdi.
Semenýo ozal «Bristol Siti», «Nýuport Kaunty» we «Sanderlend» ýaly toparlarda hem çykyş edipdi.


şu gün 17:07
2k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

şu gün 16:24
1.7k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......

şu gün 12:33
2.6k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

düýn 18:20
3.9k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....