Xiaomi adamsyz we çyrasyz işleýän zawody işe girizdi: ähli işi robotlar edýär

  • 02.01.2026 12:07
  • 3.7k+

Xiaomi adam gatyşmazdan we hatda yşyklandyryşy hem talap etmeýän täze, doly awtomatlaşdyrylan zawodynyň işe girizilendigini yglan etdi. Täze desga kompaniýanyň önümçilik ekoulgamynda tehnologik taýdan iň ösen kärhanalaryň birine öwrüldi.

Zawod iri akylly öý enjamlaryny öndürýär. Taslamalaşdyrmak, işläp düzmek we köpçülikleýin önümçilik işleri bir bitewi toplumda jemlenendir. Bu ädim Xiaomi-niň öz senagat klasterini ösdürmek we daşarky potratçylara bolan garaşlylygyny azaltmak strategiýasynyň dowamydyr.
Önümçilik toplumy Uhan şäherinde ýerleşýär we adam gatnaşmazdan gije-gündiz işleýär. Ähli prosesler emeli aň, IoT (Zatlaryň interneti) ulgamlary we uly maglumatlar (Big Data) tehnologiýalarynyň utgaşmasy arkaly dolandyrylýar. Bu bolsa enjamlary ýygnamakdan başlap, hil gözegçiligine çenli tutuş döwri awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Zawodyň üýtgeşik aýratynlygy — onuň doly garaňkylykda işläp bilmek ukybydyr: robotlar we emeli aň ulgamlary üçin ýagtylyk gerek däl. Önümçiligiň bu gerimi kompaniýa her 6,5 sekuntda bir kondisioner öndürmäge mümkinçilik berýär.
Kompaniýa akylly öý ugruny işjeň ösdürýär we önümçiligiň çuňňur awtomatlaşdyrylmagy arkaly enjamlaryň çykarylyşyny çaltlandyrmaga, olaryň hilini ýokarlandyrmaga we özüne düşýän gymmatyny azaltmaga umyt baglaýar.


24.05.2026 06:47
3.5k+

Xiaomi 8000 mA/sag batareýaly Xiaomi 17 Max flagmanyny tanyşdyrdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda sygymy 8000 mA/sag bolan akkumulýator, Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessory we 200 Mp esasy kamera bilen enjamlaşdyrylan Xiaomi 17 Max flagman smartfonynyň tanyşdyrylyşyny geçirdi....

23.05.2026 23:40
2.5k+

Xiaomi özüniň ilkinji klipsa gulaklyklaryny satuwa çykardy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bahasy 849 ýuan (takmynan, $124) bolan ilkinji açyk görnüşli klipsa gulaklyklaryny hödürledi. Satuwyň ilkinji günlerinde bu gurluşy arzanladylan bahadan — 799 ýuana (takmynan, $117)......

16.05.2026 16:22
2.5k+

Xiaomi özüniň ilkinji klipsa gulaklyklaryny anons etdi

Xiaomi kompaniýasy açyk görnüşli ilkinji simsiz klipsa gulaklyklary bolan «Open-Ear Clip-on» modelini tanyşdyrdy. Anons kompaniýanyň prezidenti Lu Weýbin tarapyndan edildi, ýöne häzirlikçe bu barada giňişleýin......

06.04.2026 21:45
5k+

16 ýyllyk üstünlik: bu gün Xiaomi doglan gününi belleýär

Mundan 16 ýyl ozal, 2010-njy ýylyň 6-njy aprelinde Pekinde düýbi tutulan Xiaomi kompaniýasy häzirki wagtda dünýäniň tehnologiýa ägirtleriniň birine öwrüldi. Kompaniýanyň esaslandyryjysy Leý Szyun bu şanly sene......