Çiş görkezijisi infarkty çaklamakda holesterinden has takyk netije berdi

  • 31.12.2025 08:44
  • 4.4k+

Ganyň düzümindäki S-reaktiw belogynyň (SRB) derejesi infarktyň we insultuň ýüze çykmagyny adaty holesterin görkezijilerinden has takyk çaklamaga mümkinçilik berýär. Bu belogyň görkezýän dowamly çişme ýagdaýy aterosklerozyň ähli tapgyrlarynda esasy orun eýeleýär. Bu barada Makon lukmançylyk merkeziniň (ABŞ) maşgala we jemgyýetçilik lukmançylygy kafedrasynyň dosenti Meri J. Skurbutakos «The Conversation» neşirine habar berdi.

Soňky ýigrimi ýylyň ylmy maglumatlaryna görä, SRB çaklama takyklygy boýunça pes dykyzlykly lipoproteinlerden (setin holesterinden) has öňe geçýär. Bu belok bagyr tarapyndan ýokanç kesellere, dokumalaryň zeperlenmegine, semizlige we süýji keseline garşy reaksiýa hökmünde işlenip çykarylýar.

«SRB-ni adaty gan seljermesi arkaly aňsatlyk bilen ölçäp bolýar. Onuň pes derejesi — 1 mg/dl-den az bolmagy — minimal çişme we ýürek-damar keselleriniň pes töwekgelçiligini aňladýar. 3 mg/dl-den ýokary görkezijiler bolsa infarkt we insult ähtimallygynyň ep-esli ýokarydygy bilen baglanyşyklydyr. Hasaplamalara görä, ABŞ-nyň uly ýaşly ilatynyň takmynan ýarysynda S-reaktiw belogynyň derejesi ýokarydyr» diýip, Skurbutakos belledi.

Patologik proses damar diwarlarynyň zeperlenmegini, merjenleriň (blýaşkalaryň) ösmegini we ýarylmagyny, şonuň netijesinde bolsa trombly dykylmalaryň emele gelmegini öz içine alýar. Bu görkezijiniň derejesini peseltmek üçin fiziki işjeňlik, agramyňy gözegçilikde saklamak hem-de düzüminde noýba, gök önümler, hoz we zeýtun ýagy bolan iýmitleri kabul etmek maslahat berilýär.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.8k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......