2025-nji ýylda iň gymmat düşen tebigy betbagtçylyklar belli boldy

  • 31.12.2025 08:24
  • 15k+

Kaliforniýadaky tokaý ýangynlary 2025-nji ýylyň iň gymmat düşen klimat betbagtçylygy diýlip ykrar edildi. Onuň ýetiren ýitgisi 60 mlrd dollar diýlip hasaplandy, pida bolanlaryň sany bolsa 400 adama ýetdi. Şeýle maglumatlar Christian Aid haýyr-sahawat guramasynyň ýyllyk hasabatynda hödürlenýär.

Los-Anjelesiň töwereginde ýangyn 7-nji ýanwarda başlady we okrugyň taryhynda iň weýrançylykly ýangyn tupany boldy. Bilermenler betbagtçylygyň gerimini global howa üýtgemeleri bilen baglanyşdyrýar. Adatdan daşary yssy, güýçli ýeller we uzak wagtlap ygalyň ýagmazlygy ösümlikleriň oda garşy has-da ejiz bolmagyna getirdi.
Hasabatda şeýle betbagtçylyklaryň ýönekeý bir ýaramaz howa şertleri däl-de, antropogen klimat çökgünliginiň netijesidigi bellenilýär.
Londonyň Imperiýa kollejiniň atmosfera fizikasy boýunça hormatly professory Joanna Heý bu betbagtçylyklaryň «tebigy» däldigini, olaryň gazylyp alynýan ýangyjy ulanmagyň dowam etdirilmegi we syýasy çözgütleriň gijikdirilmegi sebäpli gutulgysyzdygyny belleýär.
Bu antireýtingde ikinji orny uly suw joşgunlaryna getiren Günorta we Günorta-Gündogar Aziýadaky siklonlar eýeledi. Azyndan 1750 adam olaryň pidasy boldy, ykdysady ýitgi bolsa 25 mlrd dollar diýlip hasaplandy. Üçünji orny azyndan 30 adamyň heläk bolmagyna we 11,7 mlrd dollar ýitgä getiren Hytaýdaky tomusky suw joşgunlary eýeledi.
Ilkinji bäşlige 8 mlrd dollar ýitgi we pidalaryň näbelli sany bilen Ýamaýkadaky, Kubadaky we Bagamadaky «Melissa» harasaty, şeýle-de iýundan sentýabr aralygynda Hindistanda we Pakistanda bolan suw joşgunlary hem girdi. Olar 1860-dan gowrak adamyň pida bolmagyna we 5,6 mlrd dollar ýitgä sebäp boldy.

Ilkinji onlukdaky beýleki betbagtçylyklar:

  • noýabrda Filippinlerde bolan taýfun – 5 mlrd dollardan gowrak ýitgi, 100-den gowrak pida;
  • Braziliýadaky ýarymýyllyk gurakçylyk – 4,75 mlrd dollar ýitgi;
  • fewralda Awstraliýada bolan «Alfred» siklony – 1,2 mlrd dollar ýitgi;
  • Mawrikiý we La-Reýunýon adalaryndaky Garance tropiki siklony – 1 mlrd dollardan gowrak ýitgi;
  • iýulda Tehasda bolan suw joşgunlary – 135-den gowrak pida we 1 mlrd dollar töweregi ýitgi.

 


düýn 20:17
5.1k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......