Gondurasyň Prezident saýlawlarynda asly palestinaly konserwator ýeňiş gazandy

  • 27.12.2025 20:49
  • 5.8k+

30-njy noýabrda Gondurasda geçirilen Prezident saýlawlarynyň ýeňijisi asly palestinaly konserwatiw dalaşgär Nasri Asfura boldy. Merkezi Amerika ýurdunyň Milli saýlaw geňeşiniň (CNE) habar bermegine görä, Milli partiýanyň wekili 40,26% ses aldy.

Onuň esasy garşydaşy – Liberal partiýadan dalaşgär Salwador Nasralla 39,54% netije bilen ikinji orny eýeledi. Şeýlelikde, iki lideriň arasyndaky tapawut bir göterim punktdan hem az boldy.
Libre dolandyryjy partiýasynyň wekili Riksi Monkado 19,19% ses alyp, üçünji boldy.
Reuters agentliginiň maglumatlaryna görä, saýlawlaryň netijesi dalaşgärleriň arasyndaky tapawudyň az bolmagy we sanamak prosesiniň uzak dowam etmegi sebäpli giç yglan edildi. CNE-niň başlygy Ana Paola Holl tehniki näsazlyklar barada habar berip, gutarnykly netijeleriň yglan edilmeginiň gijikdirilip bilinjekdigini duýdurypdy.
Nasri Asfura 1958-nji ýylyň 8-nji iýunynda Tegusigalpada doguldy we iki gezek Gondurasyň paýtagtynyň häkimi wezipesini eýeledi. Ol öz kampaniýasynyň dowamynda maliýe durnuklylygyna we iş orunlarynyň döredilmegine ünsi çekdi. Syýasatçy saýlawçylara oba hojalygynda we maldarçylykda goldaw bermäge, ulag we aragatnaşyk infrastrukturasyny ösdürmäge, şeýle-de ykdysadyýeti ösdürmek üçin çalt netije berip biljek taslamalary işe girizmäge wada berdi.
Saýlawlaryň dowamynda onuň dalaşgärligini ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp hem goldady. Ol Asfuranyň ýeňiş gazanan ýagdaýynda Gondurasyň Waşington tarapyndan «örän uly goldaw» aljakdygyny aýtdy.


07.04.2026 21:02
2.2k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......

01.04.2026 19:38
6.8k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......

16.03.2026 14:21
2.7k+

Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça geçirilen referendumyň deslapky netijeleri mälim edildi

Gazagystan Respublikasynyň Merkezi referendum komissiýasy ýurduň täze Konstitusiýasyny kabul etmek boýunça geçirilen ses berişligiň deslapky netijelerini yglan etdi. Bu barada Tengrinews.kz neşiri habar berýär...

12.03.2026 11:32
2.6k+

Hose Antonio Kast Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi

Hose Antonio Kast resmi taýdan Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi. Walparaiso şäherindäki Kongres binasynda geçirilen kasam kabul ediş dabarasy Meganoticias teleýaýlymy arkaly göni efirde görkezildi. Täze prezident...