Xiaomi Smart Home Screen 11-i — akylly öý üçin smart-displeýini çykardy

  • 27.12.2025 10:34
  • 1.4k+

Xiaomi resmi taýdan özüniň ilkinji premium derejeli akylly displeýini — Smart Home Screen 11-i yglan etdi. Täze önüm planşetiň we smart-kolonkanyň mümkinçiliklerini birleşdirýän, akylly öý ekoulgamyny dolandyryş merkezi hökmünde hödürlenýär.

Enjam 1920×1200 çözgütli we 400 nit ýagtylykly 11 dýuýmlyk displeý bilen üpjün edilen. Öndüriji ekranyň gözüň saglygy üçin goragynyň bardygyny aýratyn belleýär.
Gajetiň işiniň esasyny üznüksiz dialogy goldaýan we öý enjamlaryny ses buýruklary arkaly dolandyrmaga mümkinçilik berýän oturdylan Super Xiaoai AI kömekçisi düzýär.
Enjamyň korpusy ykjam formatda ýerine ýetirilen: dinamikler arka tarapa ýerleşdirilen.
Smart Home Screen 11-i sanly fotoçarçuwa, ýedi sany wideo platformasyna elýeterliligi bolan stoluň üstünde goýulýan telewizor we wideoaragatnaşyk terminaly hökmünde ulanmak mümkin.
Hytaý bazarynda täze önümiň bahasy 1299 ýuan (~185 dollar).


03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...

27.02.2026 19:13
2.5k+

Xiaomi ýanyň bilen göterip bolýan kir ýuwujy enjamyny çykardy

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy özüniň içerki bazarynda Mijia Mini Washer atly kiçijik kir ýuwujy maşynyny hödürledi. Bu model az mukdardaky kirleri ýuwmak üçin niýetlenenligi we tygşytlylygy bilen tapawutlanýar. Enjam bir gezeklik işinde bary-ýogy 0,08 kilowatt-sagat elektrik energiýasyny sarp edýär we 1,2 kilogram eşik ýüklemäge mümkinçilik berýär...

27.02.2026 16:38
2.4k+

Xiaomi Tag trekeri ýiten zatlary tapyp berýär

Xiaomi kompaniýasy zatlaryň ýerini anyklamak üçin niýetlenen täze enjamy — Xiaomi Tag trekerini hödürledi. Bu enjam açar ýa-da torba ýaly özüne berkidilen zatlary aňsatlyk bilen tapmak üçin niýetlenendir. Enjamyň işleýiş ýörelgesi beýleki trekerler ýaly standart usulda...

14.02.2026 14:21
1k+

Xiaomi 4,7 milliard parametrli Robotics-0 bilen robot tehnikasy älemine aralaşyp başlady

Xiaomi kompaniýasy robototehnika pudagy üçin niýetlenen, açyk kodly ilkinji iri göwrümli modelini — Xiaomi-Robotics-0 ulgamyny tanyşdyrdy. 4,7 milliard parametrli bu ulgam robotlary hakyky durmuş şertlerinde akylly dolandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar...