Ýaponiýada Toyota RAV4 täze staýling-bukjalaryny aldy

  • 22.12.2025 21:44
  • 8.5k+

Täzelenen Toyota RAV4 Demirgazyk Amerikada, Ýewropada we Hytaýda hödürlenenden soň, Ýaponiýanyň bazaryna çykdy. Munuň bilen bir wagtda Toyota Modellista atelýesi bilen hyzmatdaşlykda krossoweriň daşky görnüşini üýtgedýän iki sany staýling-bukjasyny taýýarlady.

Ýaponiýada RAV4 diňe Z we Adventure wersiýalarynda öz-özünden zarýad alýan gibrid enjam bilen hödürlenýär. 2,5 litrlik benzin hereketlendirijisine esaslanýan güýç ulgamy 237 at güýjüni berýär we E-Four doly herekete getirijisi bilen işleýär. Şeýle-de, kompaniýa 2026-njy maliýe ýylynyň ahyryna çenli bazara birikdirilýän gibridi we GR Sport wersiýasyny çykarmak meýilnamalaryny tassyklady.
Lifestyle Package bukjasy Z wersiýasy üçin niýetlenýär we awtomobile sport stilini berýär. Ol Modellista-nyň aerodinamiki elementlerini, öň splitteri, goşmaça LED yşyklandyryşyny, gapdal kuzow elementlerini, yzky bamper üçin goşundylary we 20 dýuýmlyk tigirleri göz öňünde tutýar. Şeýle týuning üçin 586 760 ýena (takmynan, 3800 dollar) tölemeli bolar.
Outdoor Package bukjasy Adventure wersiýasy üçin taýýarlandy. Ol asfalt ýollaryndan daşary gezelenç üçin niýetlenýär we gorag goşundylaryny, giňeldilen arkalary, kapot deflektoryny, goşmaça çyraly ýörite radiator gözenegini we Matte Olive reňkinde 18 dýuýmlyk diskleri hödürleýär. Onuň bahasy 508 310 ýena (takmynan, 3300 dollar) barabar.
Ýaponiýada Toyota RAV4-üň esasy bahasy 4,5 mln ýenadan (takmynan, 29 000 dollar) başlaýar. 


16.06.2026 09:57
5.8k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......