Kia K4 hetçbegi baý enjamlar toplumy we 24,9 müň dollardan başlaýan bahasy bilen ABŞ-da satuwa çykýar

  • 24.12.2025 10:39
  • 3.4k+

Kia kompaniýasy ABŞ bazary üçin täze K4 hetçbekiniň bahalaryny yglan etdi. Satuwlary 2026-njy ýylda başlajak bu model üç sany komplektasiýada (enjamlar toplumynda) hödürlener. Awtoulag özüniň gönüden-göni bäsdeşleriniň birnäçesinden arzan bolmagy bilen bir hatarda, baý enjamlaşdyrylyşy bilen hem tapawutlanýar.

Hetçbekiň K4 EX diýlip atlandyrylýan başlangyç wersiýasynyň bahasy, 1195 dollarlyk eltip bermek çykdajysyny hasaba almanyňda, 24 890 dollar diýlip kesgitlendi. Bu baha sedanyňkydan has ýokarydyr, sebäbi hetçbek has ýönekeý LX we LXS wersiýalarynda hödürlenmeýär. Täze model Toyota Corolla Hatchback-den 710 dollar gymmat bolsa-da, Honda Civic Hatchback-den (2905 dollar) we Mazda 3 Hatchback-den (660 dollar) ep-esli arzandyr.

Orta derejeli GT-Line komplektasiýasynyň bahasy 25 890 dollardan, GT-Line Turbo wersiýasynyň bahasy bolsa 28 790 dollardan başlaýar. EX we GT-Line wersiýalary 147 at güýjüne eýe bolan 2,0 litrlik atmosferaly hereketlendiriji we wariator (CVT) bilen enjamlaşdyrylandyr. GT-Line Turbo bolsa 190 at güýjüni öndürýän 1,6 litrlik turbo hereketlendiriji we 8 basgançakly awtomatik geçiriji bilen üpjün edildi. GT-Line wersiýalarynyň ikisinde hem sport asma ulgamy (podweska) bar.
K4 Hatch üçin özüne çekiji gyzyl-gara reňkli salon, ýokary hilli Harman Kardon ses ulgamy, sanly gurallar paneli we 12,3 dýuýmlyk ekranly multimediýa ulgamy elýeterlidir. Şeýle hem awtoulagda oturgyçlaryň şemalladylyşy, panoramaly kamera we elektron kömekçi ulgamlaryň giňeldilen toplumy bar.


13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......