Toyota Ýaponiýada ABŞ-da öndürilen awtomobillerini satyp başlar

  • 22.12.2025 00:33
  • 7.2k+

Toyota Motor Corporation 2026-njy ýyldan başlap ýapon bazarynda ABŞ-da öndürilen üç modeli satyp başlamagy meýilleşdirýär: Camry sedany, Highlander ulagy we Tundra pikapy. Bu barada ýapon kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Toyota bu awtomobilleriň çykmagynyň dürli kategoriýadaky alyjylaryň isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berjekdigini, şeýle-de Ýaponiýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösüşine goşant goşjakdygyny belleýär. Üpjünçiligi ýola goýmaga taýýarlanmak üçin kompaniýa ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijesinde Ýaponiýanyň Ýer, infrastruktura, ulag we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan göz öňünde tutulan täze ulgamy ulanmagy meýilleşdirýär.
Camry rahat salony, ýiti dizaýny we ýokary ýangyç tygşytlylygy bolan biznes sedan hökmünde häsiýetlendirilýär. Bu model dünýä bazarynda köp wagtdan bäri elýeterli we ABŞ-da hem iň köp satylýan modelleriň biri bolmagynda galýar. Model Türkmenistanda-da örän meşhur. Geň ýeri, Ýaponiýanyň özünde bu model islegiň pesligi sebäpli 2023-nji ýyldan bäri satylmaýar.
Highlander – maşgalaly alyjylar üçin niýetlenen ýolsuz ýerden hereket edip bilýän üç hatarly ulag. Ol şäher we ondan daşary gezelençler üçin laýyk gelýän giň salony we köpugurly hereketi hödürleýär. Bu model Ýaponiýada 2007-nji ýyla çenli satyldy we Toyota Kluger diýlip atlandyryldy. Kompaniýa Awstraliýada we Ýaponiýada Highlander adyny ulanyp bilmedi, çünki ol ýerde bu söwda markasy Hyundai Terracan SUV-a degişli.
Tundra pikapy ýokary kuwwaty, tirkeg mümkinçilikleri we ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar. Kompaniýa tebigatda dynç alşa islegiň artýandygy sebäpli, bu modeliň Ýaponiýada hem öz alyjylaryny tapjakdygyna ynanýar.
Şol bir wagtyň özünde, awtomobilleriň Ýaponiýanyň bazaryna nähili görnüşde iberiljekdigi aýdyňlaşdyrylmaýar. Ýurtda awtomobilleriň ruly, esasan, sag tarapda ýerleşdirilýär. ABŞ-da bolsa bu modeller çep rul bilen çykarylýar. Indi Kentukki ştatyndaky zawodda modelleriň sag rully wersiýalary çykarylarmy ýa-da başga çözgüt tapylarmy, bu belli däl. 


16.06.2026 09:57
5.8k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....