Fotosuratçy ilkinji gezek bir kadrda iki seýrek atmosfera hadysasyny - «elfi» we «spraýty» surata düşürdi

  • 18.12.2025 13:22
  • 9.1k+

Italiýaly fotosuratçy Walter Binotto bir suratda örän seýrek duş gelýän iki atmosfera hadysasyny: gyzyl spraýty we «elfi» surata düşürmegi başardy. Özboluşly kadr noýabryň ahyrynda Possanýo şäheriniň golaýynda düşürildi.

Binotto atmosferanyň ýokarky gatlaklaryndaky ýyldyrymlaryň üýtgeşik utgaşmasyny surata aldy. Spraýt suratyň merkezindäki gyzyl şaha şekilli emele gelme bolup, ony gurşap alýan gyzyl «uçýan disk» «elf» diýlip atlandyrylýar.
«Elf» (ELVES – Emission of Light and Very Low Frequency perturbations due to Electromagnetic Pulse Sources) – bu güýçli ýyldyrym urgusy güýçli elektromagnit impulsyny döredende ýüze çykýan atmosferanyň ýokarky gatlaklaryndaky razrýadlaryň çalt ýitýän görnüşi. Gyzyl halka impulsyň Ýeriň ionosferasyna ýeten ýerini görkezýär. Ol şeýle bir çalt ýitýär welin, adamlaryň köpüsine ony görmek miýesser etmeýär.
Suratda ýyldyzlaryň görünmeginiň netijesinde, fotosuratçy «elfiň» ululygyny çaklap bildi: onuň beýikligi, takmynan, 85 kilometre, diametri, takmynan, 230 kilometre ýetýär.
Spraýt 40-dan 100 kilometre çenli belentlikde çabga bulutlarynyň üstünde peýda bolýan sowuk plazma razrýadydyr. 


28.05.2026 17:17
5.2k+

Ýaltajygyň ýoly we haýran galýan geçigaplaň: National Geographic-den ýabany tebigatyň täze suratlary

National Geographic haýwanlaryň durmuşyna we ekoulgamlary gorap saklamak meselelerine bagyşlanan ýabany tebigatyň täze fotosuratlaryny hödürledi....

20.05.2026 21:41
3.9k+

Niagaranyň buzdan bina bolan gudraty: Niagara Frozen Falls 2026 surat bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi

2026-njy ýylda Niagara seýilgähleri ​​dünýäniň iň meşhur şaglawuklarynyň biriniň gyşky gözelliginden pursatlary suratlarda beýan etmegi maksat edinýän giň möçberli surat bäsleşigi bolan Niagara Frozen Falls......

07.05.2026 22:55
3.6k+

"Akmaýanyň Ýolunyň suratçysy - 2026" astronomiýa suratçylygy bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Capture the Atlas syýahatçylyk blogy gijeki asmanyň suratlaryny öz içine alýan, ýylda geçirilýän "Akmaýanyň Ýolunyň suratçysy - 2026" (Milky Way Photographer of the Year 2026) bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan......

04.05.2026 23:52
2.5k+

«GDT 2026-njy ýylyň tebigat fotografy» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

«GDT 2026-njy ýylyň tebigat fotografy» bäsleşiginiň eminleri ýeňijileri kesgitlediler. Bu bäsleşige 15 ýurtdan gelen suratçylaryň 9 müňe golaý işi gatnaşdy....