Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji ýylda «Formula-1-iň» senenamasyna gaýdyp geler

  • 17.12.2025 16:49
  • 4k+

Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji we 2028-nji ýyllarda «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna gaýdyp geler. Degişli ikiýyllyk şertnama ýurduň hökümeti bilen baglaşyldy diýlip, patyşalyk ýaryşlarynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Tapgyrlary Portiman şäherindäki «Algarwe» awtodromy kabul eder. Olar Zandwortdaky ýolda geçirilýän Niderlandlaryň Gran-prisiniň ornuny eýelär.

«Häzirki wagtda “Formula-1-i” geçirmäge bolan gyzyklanma we isleg öňkülerden has ýokary, şonuň üçin men premýer-ministr Luiş Montenegruwa, ykdysadyýet we territorial koordinasiýa ministri Manuel Kastro Almeýda, syýahatçylyk, söwda we hyzmatlar boýunça döwlet sekretary Pedru Maşaduwa, Turismo de Portugal-yň prezidenti Karlos Abadä, Algarwe syýahatçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Andre Gomeşe we awtodromyň baş direktory we dolandyryş başlygy Haime Koşta “F-1-i” Portugaliýa gaýdyp getirmekde beren goldawlary üçin minnetdarlyk bildirýärin” – diýip, «Formula-1-iň» prezidenti we baş direktory Stefano Domenikali belledi.

Portimandaky awtodrom eýýäm 2020-nji we 2021-nji ýyllarda «Formula-1-iň» tapgyrlaryny kabul edipdi. Şol wagt çempionat koronawirus pandemiýasy sebäpli senenamany üýtgetdi. Iki ýaryşyň hem ýeňijisi şol wagt «Mersedesde» çykyş edýän ýedi gezek dünýä çempiony Lýuis Hemilton boldy.
2021-nji ýyldaky tapgyr britaniýaly sürüji üçin aýratyn boldy: bu ýeňiş onuň karýerasynda 92-nji bolup, utulan Gran-prileriň sany boýunça Mihael Şumaheriň rekordyny täzelemäge mümkinçilik berdi. 


23.05.2026 16:21
10k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

18.05.2026 00:06
6.6k+

«Benfika» Mourinýu bilen ligadaky möwsümi asla utulman tamamlady, ýöne titul almady

Lissabonyň «Benfika» topary baş tälimçi Žoze Mourinýunyň ýolbaşçylygynda 2025/2026 möwsümini Portugaliýanyň çempionatynda ýekeje gezek hem utulman tamamlady we Ýewropada öz ýurdunda şeýle netije görkezen......

12.05.2026 23:00
13k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....